Men dünýäniň ýadynda galýan ynsan ömürleri barada pikire çümenimde, näme üçindir, “Ömür arabasy” atly liriki eserimden şeýle ýazgylar aňymda janlandy: “Dünýä hiç tükenmez äpet bir eser bolsa, onuň ähli pikirleri, duýgulary, düşünjeleri, çözülmeli garşylyklary hem gahrymanlarynyň häsiýetleri Wagtyň kalbynda hem serinde jemlenen. Her ykbal, her ömür hem Wagtyň ýönekeýje pikir pursatlarynyň bir ülüşjagazy. Ýaşaýyş bir giden umman bolsa, bir adamyň ömri, belki, onuň ekeje damjasyça ýa bardyr, ýa ýokdur. Ýöne ähli pursatlary ünsünden düşürmän, Wagt ony gerek ýerinde ülüşme-ülüş ulanyp gidýär. Wagt—ähli döwürlere nusgalyk ezber kätip. «Dünýe» atly beýik eseriň kätibi, ýazary, ylahy awtory. Ýogsa-da onuň ýüz-müň edebi tilsiminiň ýekeje öwrümini gaýtalap bilse, her bir döredijilik adamy üçin şondan uly ussatlyk, şondan uly belentlik ýok bolsa gerek. Biz köplenç wagty «tykyr-tykyr» ýol geçip barýan araba meňzedýäris. Entek Wagtyň keşbini hem onuň reňkini kesgitlän ýok. Ol, bir seretseň, beýewanda ygyp ýören ak eşikli derwüş, bir görseň, eli pilli daýhan, bir seretseňem, gözi ýaşly magşuk… bolup göze görünýär. Ony kim nähili göresi gelse, Wagt her kişä öz islegine görä onuň öňünde peýda bolýar. Wagt hemme ýerde bar hem-de hiç ýerde ýok. Şonuň üçinem ony entek elläp gören, golundan tutan ýok bolsa gerek. Çünki Wagt kowalasaň—salgym, gaçsaň—holtumyna dolap alýan ýel bolup deňiňden şuwlap geçýär. Diňe bize Wagt bilen araňa tow salman, onuň bilen dostlukda, düşünişmekde ýaşaşmak galýar. Wagta sejde edip, oňa başyňy eg, ol seni depesine täç edip, boýuňy asmana ýetirer. Çünki Wagt bir sejdäňe müň münewwer bagyş edip bilýän täsin bir gudratdyr”…
Biz döwrümiziň medeniýet ussady Bägül Nurmyradowa barada ýazgylara başlan çagymyz, onuň geçen menzillerinden Türkmenistanyň halk ýazyjysy, meşhur şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň:
Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär,
Şeýlebir küýseýär. Ýok çaky-çeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam,
Birazajyk agyr düşjek ekeni,–
diýen şygrynyň ýaňlary gulagyňa eşidilýär. Şeýle hem arzyly menzile ser salanymyzda Türkmenistanyň halk artisti, bilbil owazly bagşymyz Atabaý Çarygulyýewiň aýdýan aýdymlaryndan, has dogrusy, Hezreti Magtymgulynyň “Barsam, Käbäni görsem” diýen goşgusyndan:
Magtymguly, hoş bolsa,
Aksa, didäm ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam, Käbäni görsem—
diýen ylahy owazlar eşidilip başlaýar. Çünki, Bägül Nurmyradowanyň geçen ömür hem döredijilik ýoly daýysy G. Ezizowyň gaýtalanmajak edebiýata nusgalyk poeziýasy hem-de aýdymlary köňülleriň baky owazyna öwrülen agasy Atabaý Çarygulyýewiň ýürek sedasyndan çykýan ruhy ýaňlar bilen sazlaşyp gidýär. Çünki, zehinler ýollar, menziller, kitaplar, halypalar bilen taplanýar. Bägülüň döredijilik hem durmuş ýoly hem ussatlaryň mekdebinden geçdi. Olardan türkmen medeniýetiniň ruhy sütünleri Hojak Mämmedowy, Aşyr Mämiliýewi, Geldi Garajaýewi, Ata Alowowy, Gully Atdaýewi, Beki Suhanowy, Seýit Saryýewi, Gully Akynýazow, Hommat Kakajanowy, Aýjan Saparowany, Artyk Silabowy, Baýly Allamyradowy we beýlekileri buýsanç bilen ýatlap geçmek bolar. Çünki Türkmen döwlet Medeniýet institutynda okaýan döwürlerinde geljekki medeniýet işgäriniň köňül arzuwlary ak ertire ganat açyp, asmana göterilipdi.
Maňa ussat teležurnalist, mähriban zenan Bägül Çarygulyýewna Nurmyradowa bilen milli teleýaýlymlarynda ençeme ýyl bile işleşmek nesip etdi. Şol işleşen ýyllarymyzda Bägül durmuş, edebiýat, habar beriş serişdeleri, aýdym-saz sungaty, kino, teatr, umuman, uly döredijilik barada giňden söhbetdeş bolýardy. Bu gürrüňdeşliklerde onuň medeniýete, sungata, edebiýata düşünjesiniň çuňdugy aýdyň ýüze çykýardy. Elbetde, bu zenanyň islendik dabaralardan we çärelerden, durmuşyň dürli pursatlaryndan erkin gepleşikleri gurnamakda hem-de söhbetdeşlikleri hereketli, janly taýýarlamakda öz başarnygyny görkezip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy. Çünki onuň söhbetdeşlik taýýarlaýyş usuly dünýä teležurnalistikasynyň kämil öwrümleri bilen bäsleşýärdi. Çünki teležurnalistikada ussatlyk egsilmez söz baýlygy, syýasy sowatlylygy, owadan sesli labyzlylygy, ünslüligi, ylham joşgunlylygy, inçe psihologiýalygy, ýokary adamkärçiligi…talap edýärdi. Bu häsiýetleriň ählisi Bägülde jemlenendi. Zehin, başarnyk ussatlyga hem üstünlige getirýär. Bägül Nurmyradowada “Miras” teleýaýlymynyň başlygy bolup işlän döwürlerinde “Medeni mirasym-milli baýlygym”, “Edebim-mertebäm”, “Ruhy hazyna”,”Syrly göçüm”, “Medeni miras”, “Menzillerden-menzillere”, “Gözbaşlar”,”Taryhymyzyň şaýady”, “Goja söhbeti”, “Kalbymyň owazy” ýaly ençeme ilhalar, täze gepleşikleriň döredilmegine ýol açdy. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň “Şägirt—halypalyk” ýörelgelerinden ugur alyp, Aýjeren Rejebowa, Annagül Atalykowa, Ýazjahan Babaýewa, Aýna Berdiýewa, Nartäç Ataýewa, Täjigül Baýramowa, Gunça Dolyýewa ýaly, häzirki wagtda döwrümize belli alypbaryjylaryň we diktorlaryň ýüze çykmagyna aýratyn üns berip, habar beriş ulgamyna öz mynasyp goşandyny goşdy. Bägül Nurmyradowa döwlet işlerinde işlän ýyllarynda-da, Gahryman Arkadagymyzyň özüne bildiren ynamyny ödemek ugrunda ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman gijesini gündiz edip zähmet çekdi hem-de Hormatly Prezidentimiziň talaplaryna laýyklykda türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny dünýä çykarmakda önjeýli iş alyp bardy. Mähriban Arkadagymyz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýan ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň sarpasyny belentde tutýar. Muňa ussat medeniýet işgäri Bägül Çarygulyýewanyň degişli ulgamda bitiren hyzmatlary üçin, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň III derejeli ”Altyn asyr” ordeni, 2009-njy ýylda “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň II derejeli ”Altyn asyr” ordeni atly döwlet sylaglary bilen sylaglamagyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Ýaşlaryň ussat halypasy Bägül Nurmyradowanyň ýüregi mydama Watan, Arkadag, medeniýet, sungat diýip urýar. Beýle ýürekler bolsa mydama ylhamdan, joşgundan doly bolýar. Şonuň üçin B. Nurmyradowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda işlemek bilen, ylmy-döredijilik bilen hem meşgulanýar. Onuň “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Allaberdi Haýydow Doglan gününiň 85 ýyllygyna , “Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannbazar Ezizow (Doglan gününiň 75 ýyllygyna) , “Şahyra Ogulsoltan Tagandurdyýewa Doglan gününiň 80 ýyllygyna Bibliografiýa görkezijileri, “Bitarap Türkmenistan (Türkmenistanda Bitaraplyga bagyşlanan edebiýatlaryň bibliografiki görkezijisi), “Garaşsyzlyga guwanmak bagtdyr”, “Aşgabat Aziýanyň merjeni (2010-2016-njy ýyllar), “Aşgabat Aziýanyň merjeni (2017-nji ýyl – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary), “Göwün otyr Aý içinde” (Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň 2015-2018-nji ýyllarda döreden eserleri), “Arkadag gadamy düşen kitaphana (Döwlet kitaphanasyna bagyşlanýar) atly Bibliografiýa görkezijileri, “Döwrerbap kitaphanalar we häzirki zaman okyjylary”, “Häzirki zaman habarlar giňişligi: kitap we okaýyş medeniýeti” atly usuly-bibliografiýa gollanmalary medeniýet we sungat ulgamyna gollanma boljakdygyna umyt bildirýäris. Ýaňy-ýakynda meşhur bagşymyz, Atabaý Çarygulyýewanyň gyzy Selbi Çarygulyýewa jaň edip, kakasynyň mähriban jigisi Bägül Nurmyradowanyň Türkmenistan—parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ýagny şu ýylyň 4-nji sentýabrynda elli ýaşy arka atýandygyny aýtdy we ýubileý ýaşa kakasynyň ähli on doganynyň hem-de atasy Çaryguly aganyň, enesi Güljahan daýzanyň adyny getirip, aýdym üçin goşgy ýazyp bermegimi haýyş etdi. Elbetde, ýüregiňde uly hormata eýe bolan ynsanlar barada eser ýazmak diýseň buýsançly bolýar ekeni. Aýdym üçin bäş bent diýip başlan goşgymyň kuplet sany derrew on bäşe ýetdi. Men şu pursatda şol goşgyny dolulygyna ulanmagy makul bildim:
Bägüller açylar sähraň yşkynda,
Bilbiller saýraşar gülleň müşkünde,
Ykbalyň nur saçýar bagtyň keşbinde,
Ýürekleriň ylham-joşunda, Bägül!
Mydam gursagyňda Watan jemaly,
Başlaryň sypaýar Watan şemaly,
Türkmen sungatynyň magşuk jenany,
Nowbahar sen, juwan ýaşyňda, Bägül!
Medeniýete ykbalyňy bagladyň,
Joşup-joşup zähmet çekdiň, armadyň,
Neçün käte ýalňyzlykda agladyň,
Ylham gördük gözleň ýaşynda, Bägül!
Il içinde gazandyň sen hormaty,
Watan yşky gursagyňa sygmady,
Sen asman aýdymy, zemin sarpasy,
Orden–medallaryň döşüňde, Bägül!
Söýdügiň şygyrdyr, bagşy-sazanda,
Milli aýdymlarmyz ýürek sazynda,
Wysallaryň baky türkmen ýazynda,
Dünýä yşkyň silleň möwjünde, Bägül!
Owadan sen, göýä, asman perisi,
Doganlar içinde gyzlaň seresi,
Atabaýdy ýigitleriň töresi,
Durmuş ýoluň täze öwşünde, Bägül!
Şahyr sen, bagşy sen, teležurnalist,
Yhlas etdiň, berdiň käte ylma güýç,
Ýollar geçip uzak menzile deňiç,
Bolarsyň sungatyň täjinde, Bägül!
Kakaň Çaryguly, ejeň Güljahan,
Doganlaryň Aýna, Ajap, Atajan,
Nurgözel, Gülälek, Kümüş, Enejan,
Jumagözel mydam daşyňda, Bägül!
Ejeň-kakaň senden ruhy şat bu gün,
Gama batma, etme hiç perýat bu gün,
Dakyn şelpeleriň, geý zerbap bu gün,
Bagt guşy bu gün başyňda, Bägül!
Döwletli maşgalaň bir perzendi sen,
Aýlandyň dünýäni, oba-kendi sen,
Hak ýalkawy, halkyň jigerbendi sen,
Ulus-iller göwün hoşuňda, Bägül!
Ýalňyz ykballaryň göwün syrdaşy,
Mydam ýagşy ynsanlaryň ýoldaşy,
Kimleň mähribany, kimleň gardaşy,
Ýakynlaryň bu gün gaşyňda, Bägül!
Menzil geçdiň kä atly, kä pyýada,
Arzuwlaň gül açýar säher-sabada,
Ýollaryň ak bolsun, ömrüň zyýada,
Bu gün kalbyň roýy-röwşende, Bägül!
Eziz Arkadagyň hormaty sende,
Ynsanýet kalbynyň gymmaty sende,
Il-günüň söýgüsi jan bilen tende,
Duý bagtyňy deňi-duşuňda, Bägül!
Sen—Bägül, jemalyň pudakda peýda,
Gör, seniň waspyňda bilbiller şeýda,
Özüňem joş bu gün ýubileý toýda,
Tans edeli joşup daşyňda, Bägül!
Bu gün mähribanlaň göwni ganatly,
Güneşden nurana, Aýdan kamatly,
Bolsun arzuwlaryň mydam ak atly,
Ýaşa ykballaryň täjinde, Bägül!
Doglan günüň, tegelek ýubileý ýaşyň gutly bolsun, mähriban doganymyz, Bägül! Ömrüň uzak bolsun! Agaýunus periniň ýaşyny ýaşamak nesip etsin!
Saňa baş egmek bilen, mähribanlaryň! Goý, bu gün kakamyz Çaryguly aganyň, ejemiz Güljahanyň, türkmen aýdym-saz sungatynyň gaýtalanmajak ussady Atabaý doganymyzyň… hem ruhlary şat bolsun!”
***
Men türkmen medeniýetiniň ussady Bägül Çarygulyýewa baradaky gysgajyk söhbetimiň soňunda “Ömür arabasy” atly liriki eserimiň jemleýji jümlelerini getirmegi makul bilýärin: “Men ömür arabamyň ýüzüni takdyrymyň indiki menzillerine tarap öwürdim-de, ýolumy dowam etdirdim. Bilmen, ömür arabasy haýsy menzilde nobatdaky säginmesini dowam etmeli, haýsy menzilde baky saklanmaly, ony Ýaradandan özge bilýän ýok. Diňe bize: «Goý, ömür arabalarynyň ýollary ak bolsun, uzak menzillere—arzuwlaryň aglabasynyň hasyl bolýan ýerine çenli täleý ýükümizi äkitsin!» diýmekden gaýry zat galmaýar. Goý, ömür arabalaryňyz orta ýolda büdremesin! Ömür arabasy bizi bagtymyza sary alyp gidip, magşar jümmüşiniň çuňluklaryna ýetirsin!
Obanyň içinden araba ötdi,
Kimiň yşkyn çekip, gör, kimiň derdin.
Obanyň içinden dabara ötdi,
Umydygär bakdy yzyndan her kim.
Gökden oňa zaryn bakýar durnalar,
Arabaçyň giden ýolundan uç ýok.
Mydam ýolda.
Arabalar durmaýar,
Onuň barýan ýolun saklajak güýç ýok”…
***
Goý, üsti bagtdan, saglykdan, ykbaldan, döredijilikden, abraýdan ýükli ömür arabaňyz garrylygyň jümmüşine çenli äkidip, ähli arzuwlaryňyza, umytlaryňyza hem küýsegleriňize ýetirsin! Agaýunus periňki deýin owadan ýaşa, kalby mähriban duýguly, Bägül dogan!
Döwletgeldi Annamyradow,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.