Internete birikmezden kompýuterlerde sözlük ulanmak isleýänler üçin täze programma işlenip düzüldi. Makul Sözlük Platformy tarapyndan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli “Windows” üçin sözlük-“Makul Sözlük” taýýarlandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmen we Iňlis dillerindäki ilkinji akylly we sesli sözlük bolan Makul sözlügi www.makulsozluk.com saýtyndan ulanyp bolýar. Şeýle hem mobil telefonlar üçin “Google Play” marketden “Makul Sözlük” applikasiýasyny şu ýere basyp mugt ýükläp alyp bolýar.
Kompýuterlerdäki Makul Sözlük Extension (ýüklemek üçin şu ýere basyň) bolsa isleýän sözüňiň üstüne iki gezek basaňda şol sözüň terjimesini getirip berýär. Makul Sözlük applikasiýasynyň “offline”, ýagny, bir gezek mobil telefonyňyza ýükläňizden soňra internet bolmazdan hem işleýändigini hasaba almasaňyz, haýsyda bir elektron sözlügi ulanmak üçin internete birikmek gerek!
Ine “Windows” üçin Makul sözlük programmasy, kompýuterleri internete birikmeýänler üçin işlenip düzüldi. Siz “Makul Sözlük Windows” sözlügini kompýuteriňize bir gezek ýükläňizden soňra internet bolmazdan hem ulanyp bilýärsiňiz! Bellemeli zat, “Makul Sözlük Windowsy” internetten şu ýere basyp ýükläp biljegiňiz ýaly, gönüden-göni CD (disk) ýa-da fleşkanyň üsti bilen hem ýükläp bolýar.
Eýsem “Windows” üçin Makul Sözlükde nämeler bar! Ilki bilen “Makul Sözlük” bazasynda bolan jemi 17.000-den gowrak Iňlis we Türkmen dilindäki sözler sesli okalyşy bilen berilýär. Şeýle hem häzirki wagtda üstünde işlenilýän we synag görnüşindäki Türk we Rus dilindäki sözler hem berilýär. Çagalar üçin suratly sözlük we oýunly sözlük, şeýle hem “Makul Puzzle” bölümleri hem “Windows” üçin Makul Sözlükde öz ornuny tapýar. Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin wajyp bolan, “phrasal verbs” ( durnukly söz düzümleri), “Irregular verbs” (nädogry işlikler), prefiksler, suffiksler, idiomalar we nakyllar Türkmen we Iňlis dillerinde berilýär.
“Windows” üçin Makul Sözlük www.makulsozluk.com saýtyna ýerleşdirildi we şol ýerden kompýuteriňize gönüden-göni ýükläp alyp bolýar.
Göwrümi 500 mb ululyga barabardygyny hasaba alanyňda kompýuterine ýükläp bilmeýänler islän ýagdaýynda “Makul Hyzmat” terjime merkezi bilen habarlaşyp, Aşgabat şäherinde ýerleşýän edarasyna gelip, öz getiren fleşkalaryňyza mugt ýükläp alyp bilersiňiz!
Habarlaşmak üçin +993 63 78 96 73