DÜNÝÄ

Gaiti üçin 1,12 milliard dollar gerek

Mälim bolşy ýaly, Gaitiniň deňiz kenarynda 14-nji awgustda Rihter öçlegine görä 7,2 dereje ululykda ýer titräpdi. Bu tebigy betbagtçylyk ýurtda uly weýrançylyga sebäp boldy. Köp sanly adma pida bolup, 12 müňden gowrak adam ejir çekdi. 7 müňden gowrak ýaşaýyş jaýlary doly ýykylypdyr.

Gaitiniň ýerüsti infrastrukturasynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin deslapky hasaplamalara görä, 1,12 milliard dollar möçberinde pul serişdeleri zerur bolup durýar.

Ýurduň hökümeti BMG, Ýewropa Bileleşigi we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen ýakyndan gepleşikler geçirýär. Häzirki wagtda tebigy betbagtçylyk zerarly ýykylan etraplary täzeden dikeltmek üçin serişde bölüp bermek mümkinçiliklerine seredilýär.

Gaitiniň hökümeti ýurtda bir aýlygyna adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Mälim bolşy ýaly, 11 ýyl mundan ozal, ýagny 2020-njy ýylda hem Gaitide güýçli ýertitremesi bolup geçipdi. Şondan tebigy betbagtçylygyň ýurda ýetiren maddy zyýany 5,6 milliard ýewro diýlip çaklanylypdy.

Gaiti Karib deňziniň kenaryndadaky döwlet. 11 milliondan gowrak ilaty bolan Gaiti Demirgazyk Amerikada ýerleşýär.

 

“Kaýrat” topary Gurban Berdiýewi doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy