Eýsem, sanly ulgam näme? Ol kompýutere gerekli programma üpjünçiligini ýükläp, alysdaky kompýuterlere internet tory arkaly elektron serişdeleri bilen baglanmakdyr. Sanly ulgam edara-kärhanalaryň arasynda internet tory arkaly elektron resminama dolanyşygynyň ýa-da belli bir aralykda programma üpjünçiliginiň elektron görnüşiniň kömegi bilen aragatnaşykda bolup, amallary ýerine ýetirmekdir. Indi Internet näme?! diýen sorag jogap bereliň.
Internet – bu bütindünýä kompýuter ulgamynda kompýuterleri bir-birine baglanyşdyrylan ulgamydyr. Ol kä halatlarda maglumat ýoly (Web), ýa-da ýöne bir Net hem diýilýär. Adamlar bu tora birikdirilen kompýuterlerden maglumat alyp bilerler. Bu torlaryň torudyr. Maglumatlar sözlerde, sanlarda, suratlarda hem-de sazlarda bolup bilerler. Şonuň üçin hem umumylykda sanly ulgam diýlip, atlandyrylýar.
Sanly uglamyň taryhyna ser salsak, onda sanly ulgamyň ýüze çykmagyna ilkinji nobatda 1942-nji ýylda Pensilwan uniwersitetiniň Mura elektrotehnika mekdebinde professor Jon Mauçli ilkinji elektron hasaplaýyş maşynynyň (EHM –niň) taslamasyny hödürlemegi sebäp bolýar. Hut şonuň esasynda hem ilkinji kompýuterli äleme aýak basylýar. Oňa ENIAC (Electronic Numerical Integrator and Computer) diýip at berýärler. Emma ABŞ-niň Goranmak gullugynyň barlag laboratoriýasy gyzyklanýança bir ýyla golaý taslama heretsizligine galýar. 1943-nji ýylda bolsa Mauçliniň we Ekkertiň ýolbaşçylygynda ilkinji kompýuteri (ENIAC) döretmekligiň üstünde işläp başlaýarlar, maşynyň gözden geçirilişi 1946-njy ýylyň fewral aýynyň 15-ne geçirilýär. Şeýlelikde, şowly çykan bu taslama örän çaltlyk bilen kämilleşmäge başlaýar.
Kompýuteriň I nesli 1946-njy ýylda döredilip ol kompýuteriň aýratynlygy wakum-lampaly tehnologiýada işleýänligidir. Berlenleri girizmek we çykarmak üçin perfolentadan we perfokartadan peýdalanylypdyrlar. Kompýuteriň bu nesli howa maglumatyny anyklamakda, energetiki meseleleri çözmekde şeýle hem goranmak ulgamynda peýdalanylypdyr.
Kompýuteriň II nesli 1951-nji ýylda döredilipdir. Bu kompýuterler tranzistrler bilen işläpdirler. Bular ýokary ygtybarlylygy, ýokary işjeňligi, lektroenergiýany az sarp edýänligi bilen tapawutlanypdyrlar. Bu nesle degişliler ýokary derejeli programirleme dillerinde işlemeklik mahsusdyr.
Kompýuteriň III nesli 1964-nji ýylda döredilip integral shemasy esasynda işleýär. Bu nesliň döremegi bilen ýady, kompýuteriň gurluşlaryny dolandyrýan Operasion ulgam hem döredilýär. 60-njy ýyllaryň başlarynda kompýuteriň mini görnüşleri döredilip satuwa çykarylyp başlanýar. 1971-nji ýylda garaşylmadyk ýagdaýda ilkinji mikroprosessory döredilip, uly açyş edilýär.
Kompýuteriň IV nesli 1975-nji ýylda uly integral shemeler esasynda döredilýär. Kompýuteriň bu nesline degişliler işleýiş çaltlygy ýokary, ýadynyň göwrümi birnäçe Megebaýtdyr. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda kompýuteriň 2 görnüşi: birnäçe prosessorly superkompýuterler hem-de personal kompýuterler ulanylyp başlanyldy.
Soňra XXI asyryň başlarynda has hem ylymyň ösmegi bilen sensorly netbooklar, notebooklar,Ultrabookslar peýda bolup başlaýar.
Kompýuterleri smartfon görnüşinde ulanmaklygyň netijesinde, hemme ýerde ýanlary bilen göterip başlamak, aragatnaşyk, surat we wideo düşürmek we bu maglumatlary derrew alyş-çalyş etmek, şeýle hem maglumat gözlemek aňsat boldy. Indi, “Ýolda” – we öýde ýa-da işde ulanylýan ähli enjamlar dünýäniň iň täze gazanan tehnologiýalaryň önümi bolup durýar. Giňden ýaýran 4G 5G , Wi-Fi we güýji az sarp edýän soňky kompýuterler, iphon, smart telefonlar ýakyn güýçde işleýän ykjam çipler, internetiň ewolýusiýasynyň bu tapgyrynda möhüm faktorlara öwrüldi. Galyberse-de, wagtyň suw deýin akýan, tehnologiýanyň göz-açyp ýumasy salymda ösýän döwründe diňe bir kompýuterler dal eýsem, akylly ykjam telefonlar, akylly sagatlar, akylly öýler hatda akylly şäherler ulanyşa girizilip başalandy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli parasatly syýasaty esasynda biziň ýurdumyzda hem 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim–terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideoaudiowziual materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Az wagtyň içinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna çenli sanly ulgam ähli pudaklarda mäkäm orun eýeläp, “Akylly” ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda ornaşdyryldy. Ahal welaýatynda giň gerimli sanly ulgamy öz içine alýan ilkinji akylly şäheri döretmäge milli Liderimiziň ak pata bermegi, şol bir wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerine bedew ýyndamlygy bilen giňden ýaýradylmagy bizi has hem buýsandyrýar.
Akylly şäherde ekologiýa abadançylygy berkarar bolup, simsiz tehnologiýalar, sensor görkezijiler, internet ulgamy ulanylýan häzirki döwürde munuň özi hyýalbentlik däl-de, täzeçe şäherleşmekdir, bu täzeçillikler ylmy-tehnologiýa ösüşleri, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, sanly ykdysadyýetiň hem-de bilimler jemgyýetiniň döredilmegi bilen biziň durmuşymyza ornaşýar. Her bir akylly şäherde akylly öýler, her bir ynsanda hem ösen tehnologiýalaryň önümi bolan akylly ykjam telefonlar, akylly sagatlar hereket edýär.
Ähli pudaklaryň sanly ulgama geçmegi bilen bir hatarda türkmenistanlylaryň durmuşynda hem ýagny iňlis dilinde “Smart House” diýip atlandyrylýan “Akylly öý” ulgamy öz ulanyjysyna internet ulgamyndan peýdalanyp uzak aralykdan öýdäki elektrik enjamlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly wezipeleri ýerine ýetirýän, bize şeýle bagtyýar ajaýyp zamanada ýaşamaga, netijeli işlemäge, şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülälek Seýitliýewa,
Mary etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň
himiýa-biologiýa mugallymy