SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa kem-kemden çäklendirmeleri gowşadýar

Ýewropa Bileleşigina agza döwletlerde koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen çäklendirmeler kem-kemden gowşadylýar. Bu barada “Euronews” teleýaýlymy habar berýär.

Belgiýanyň hökümeti köçede gorag örtüklerini dakynmak talabyny ýatyrdy we geçen ýylyň oktýabr aýynda çäklendirilen restoranlaryň işiniň täzeden ýola goýulmagyna rugsat berdi. Ýerli metbugat serişdeleri bu güni “erkinligiň güni” hökmünde atlandyrdylar.

Şeýle hem Fransiýada hem çäklendirmeler gowşadylýar. Köçä çykmak gadaganlygy sagat 21:00-dan 23:00-a geçirildi. Fitnes merkezleri hem-de attraksionly seýilgähler işläp başlady. Ýöne howpsuz araçägi saklamak hem-de örtük dakynmak hökamny bolmagynda galýar. Jemgyýetilik iýmit kärhanlary hem kem-kemden müşderilerini kabul edip başlady.

Şeýle hem ýurtda açyk howada  sport görnüşleri bilen meşgullanmaga rugsat berildi.

SANLY KORONAWIRUS ŞAHADATNAMASY

Ýewropa parlamenti öz gezeginde Ýewropa Bileleşigi boýunça sanly koronawirus şahadatnamasyny girizmegi tassyklady. Bu barada parlamentde ses berişlik geçirildi.

Mundan beýläk, sanjym edilen hem-de şahadatnamasy bolan adamlara Ýewropa ýurtlarynda goşmaça Kowid-19 barlag resminamasy bolmazdan rahat syýahat edip bilýärler. Gezelençden soňra karantin çärelerini hem berjäý etmekden boşadylýar.

Ýene-de 8 ýurda uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär