Rus dilinde (Кешью) ady bilen tanalýan özüniň iýmitlik gymmaty bilen tapawutlanýan Ýapon maňyzy tropiki klimatlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Ol adamyň bedenine örän ýokumly bolup, onuň gabygyndan lukmançylykda we tehnologiýada ulanylýan ýag alynýar.
Ýapon hozunda beloklar, uglewodlar, poli doýgun ýag kislotalary, A, , , we E witaminleri, niasin, kalsiý, kaliý, sink, mis, marganes, selen, demir we fosfor ýaly elementler bardyr. Ol antibakterialdyr we çişme kesellerine garşy ähmiýetlidir.
Witaminlere baý bolan Ýapon maňyzynyň düzümindäki poli doýgun ýag kislotalary ganyň holestrininiň derejesini peseldýär. Ondaky demir we kaliý beýni ulgamynyň işleýşini gowlandyrmaga, ýürek-damar we gan aýlanyşygynda ýüze çykýan keselleriň öňüni almaga we ýürek myşsasyny berkitmäge kömek edýär. Mundan başga hem Ýapon maňyzy adamyň bedeninde bolup geçýän gan aýlanyşgyny gowlandyrýar we gan basyşyny kadalaşdyrýar. Gadymy döwürlerde hindiler adatça diş agyrysyny aýyrmak üçin hoz pudrasyny ulanypdyrlar. Ol agyz boşlugynda döreýän ýiti yslary aýyrmakda hem has-da ähmiýetlidir.
Adamda ýüze çykýan sowuklama, bronhit we faringit ýaly keselleri bejermekde Ýapon maňzynyň peýdasy has-da uludyr. Ol bedeniň immunitetini ýokarlandyrýar we iýilen iýmit önümleriniň çalt siňmegine ýardam berýär.
Arazgeldiýewa Gülzada,
TOHU-nyň talyby