JEMGYÝET

Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkeziniň binasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 202-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanypdy.

Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we ýaşlar gatnaşdylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan maslahatyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa alyp bardy.  Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdurdun Gurbannazarowa we beýlekiler çykyş etdiler.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor dagy öz çykyşynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň möhüm resminama bolup durýandygyny, bu meýilnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti we degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, nobatdaky 5 ýyllyk meýilnamanyň halk köpçüligine tanyşdyrylmagyna bagyşlanan bu dabaranyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Ý. Nuryýew Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň çäklerinde amala ediljek çäreleriň toplumynyň Türkmenistanyň goşulýan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant bolup durjakdygyny belledi.

 

Awaza myhmanlary garÅŸylar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa şalyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edýär

Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar