SPORT

«Messi we Mbappe ýaly beýik oýunçylar bilen oýnadym. Emma …»

PSŽ-niň hüjümçisi Neýmar haýsy oýunçy bilen bir toparda oýnamak isleýändigi baradaky sowala jogap berdi.

«Men Kriştianu Ronalduny saýlardym, sebäbi men eýýäm Messi we Mbappe ýaly beýik oýunçylar bilen oýnadym. Emma şu wagta çenli Ronaldu bilen bir toparda oýnamak mümkinçiligi bolmady» diýip, Neýmar «GQ Style» neşirine beren  söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, 29 ýaşly Braziliýaly  futbolçy şu möwsümde Fransiýanyň ligasynda 16 oýunda 8 pökgi geçirdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

 

 

Related posts

Dzýudo boýunça Aziýa çempionaty Gazagystanda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Ibragimowiç “Milan” bilen şertnama baglaşdy

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna çykan toparlar