TESWIRLER

«Sabyrly diňleýji» usuly

“Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary”

atly makalalar toplumyndan

Biziň ählimiz çagalyk döwrümizden endik etdirilen söhbetdeşiň sözüni bölmeli däldigi, ony soňuna çenli diňlemelidigini, oňa ünsli çemeleşmelidigi baradaky kadalary unutmaýarys. Hiç kim bu kadalary äsgermezlik etmelidigini tassyklajak hem bolmaýar. «Ýöne» bu kadalary berjaý etmek üçin «tölemeli» bolanda, özi-de hasaplaşyk birligi wagt bolup duranda başlanýar. Ine, şonda hem şol gymmatlyklara hakyky garaýyş ýüze çykýar. Söhbetdeşiňi sabyrlylyk bilen, ünsli diňlemek üçin, köp wagt gerek, sebäbi her bir adam öz pikirlerini gysga hem-de anyk beýan etmegi başaryp barmaýar. Mundan başga-da, biz işe dahylly däl gürrüňleri hem diňlemeli bolýarys. Eger siz muňa garamazdan, barybir tabynlygyňyzdaky işgäri diňleseňiz, onda ol öz isleglerini kanagatlandyrar, oňat duýgulary alar, bu duýgulary erkiňize seretmän, siziň bilen baglanyşdyrar. Bu oňat duýgularyň çeşmesiniň hut siz bolup durandygyňyz sebäpli, olar size gowy garaýşyň, hormat goýmagyň az-kem güýçlenmegi görnüşinde, ýagny ýüze çykan ýa-da güýçlenýän attraksiýa görnüşinde «gaýdyp geler».

 

 Babahan Aganazarowiç Berdiýew,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog.

 

«Has at» usuly

 

 

 

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady