SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy spreý taýýarlandy

Eýran Yslam Respublikasynda koronawirus ýokanjyna garşy sepilýän spreý işlenip taýýarlandy. Bu barada ýurduň koronawirusa garşy göreş komissiýasynyň ýolbaşçysy Ali Ryza Reisi habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, “COVİD” atly koronawirusa garşy spreý taýýarlandy.

Koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym kampaniýalary dowam edýärkä, köp ýurt wirusa garşy dürli dermanlaryň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Koronawirusa garşy işlenip düzülen “COVID” spreýi Eýranyň paýtagty Tähranyň Mesih Danişwer keselhanasynda tanyşdyryldy.

Eýranyň koronawirusa garşy göreş komissiýasynyň ýolbaşçysy Ali Ryza Reisi, wirusa garşy spreý döredendiklerini we spreýiň gysga wagtda köpçülikleýin önümçiligine girişiljekdigini aýtdy.

Işlenip düzülen spreýiň koronawirusdan goraýandygyny mälim eden Reisi: “Dünýäde iň täsirli usul henizem örtük ​​ulanmakdyr. Mundan başga-da, bu spreýleri örtüklerde we eşiklerde ulananymyzda, wirusy tapýar we ýok edýär” diýip belledi.

Wirusyň esasan howa arkaly ýokaşýandygyny mälim eden Reisi: “Bu spreý koronawirusy anyklaýar we özüni ýok edýär”-diýdi.

Eýranyň dürli şäherlerinde köpçülikleýin sanjym işleri ýokary depginde dowam etdirilýär.

 

Özbegistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri