SPORT

“Mançester Siti” – Liganyň kubogyny gazandy

Angliýanyň Ligasynyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. 2020-2021-nji möwsümiň finalynda “Mançester Siti” bilen “Tottenhem” toparlary duşuşdy.

Duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” topary yzly-yzyna bu kubogy eýelemegi başardy.

Paýtagt London şäherindäki “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşyk täze görnüşli koronawirus ýokanjy sebäpli 8 müň janköýeriň gatnaşmagynda geçirildi. Häzirki wagtda ýurtda çempionatyň öňdebaryjysy “Mançester Siti” topary dünýä belli tälimçi Jože Mourinýonyň wezipesinden boşadylan “Tottenhem” toparyny ýeňmegi başardy.

“Mançester Siti” topary duşuşygyň 82-nji minutynda Aýmerik Laportanyň geçiren goly bilen arzyly kubogy eýelemegi başardy.

“Mançester Siti” topary 9-njy gezek bu kubok ýaryşynda çykyş edip, 8-nji gezek bu kubogy gazanmagy başardy. Şeýle hem bu topar yzly-yzyna 4 gezek bu kubogy eýelän ilkinji topardyr.

Toparyň tälimçisi Hose Gwardiola tälimçilik durmuşyndaky 30-njy kubogyny gazandy. Ol “Mançester Siti” topary bilen 9 kubogy, “Barselona” topary bilen 14 kubogy we “Bawariýa” topary bilen 7 kubogy gazandy.

 

“Dinamo Kiýew” – Ukrainanyň çempiony

Related posts

Türkmen emini Aziýada “Ýylyň iň gowy emini” boldy

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň täze hüjümçisi Angliýada oýnar

Ata Watan Eserleri

«Nebraska» basketbol toparyna iki oýunçy alyndy

Ata Watan Eserleri