BIZNES

Ýurdumyzda “Jet A-1” ýangyjyň önümçiligini ýola goýlar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy “Jet A-1” kysymly awiasion ýangyjynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň özi zawodynda öndürilýän “ТС-1” awiaýangyjyň ýewropa nusgasydyr. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşiri habar berýär.

“Jet A-1” Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Ol “Airbus” we “Boeing” uçarlaryny ulanmak boýunça halkara resminamalaryna we gözükdirmelerine goşulandyr.

Awiaýangyjyň bu görnüşi ýurdumyzyň raýat awiasiýasynda ulanylýan “ТС-1” kysymdan tehnologik taýdan tapawutlanýar. Jet ýangyjy goşmaça gidro arassalaýyş geçýär, onuň düzüminde antistatiki we durnuklaşdyryjy prisadkalar bar. Ol ekologik taýdan howpsuz bolup, alawlama temperaturasy 10 gradus ýokarydyr.

Kärhanada bu täze önümiň önümçiligini ýola goýmaga kömek etjek kompaniýa bäsleşik esasynda saýlanyp alnar. Mundan öň, TNGIZT “ТС-1” awiasion kerosinini we kysymyny öndürmek boýunça desganyň binýadynda “Jet A-1” kysymly reaktiw hereketlendirijiler üçin ýangyç öndürmek boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.

TNGIZT-niň düzümine Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerinde ýerleşýän zawodlar girýär. 2021-nji ýylyň iki aýynda TNGIZT-de 34 müň 857 tonna awiasion ýangyç öndürildi.

 

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumy geçiriler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler