DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-niň ÝYK-niň wise başlyklygyna saýlandy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 69-njy mejlisine sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.

Mejlisiň çäklerinde Ýewropa ykdysady komissiýasynyň guramaçylyk meselelerine seredildi. Şeýlelikde, öňümizdäki iki ýylda (2021-2023) Ýewropa ykdysady komissiýasynyň başlyklygy Belarusdan Awstriýa geçdi. Türkmenistan bilen Şweýsariýa bolsa Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy.

Ilçi, BMG-nyň Ženewadaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy) wekilhanasynyň wekili Atageldy Haljanow türkmen wekiliýetiniň adyndan eden çykyşynda bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygy döwründe guramanyň işlerine işjeň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

 

Ata-enelik hukugyndan mahrum edilmek we çaganyň atalygyny anyklamak barada gysgaça maglumat

 

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy