BIZNES

Aşgabatda ulag we kommunikasiýa ulgamlary boýunça maýa goýum forumy geçirildi

«Türkmendemirýollary» agentliginiň edara binasynda iki gün dowam eden maýa goýum forumy üstünlikli jemlendi. Oňa ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwlet — hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag we kommunikasiýa ulgamyna maýalary çekmek, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekden ötri geçirilen forumyň ikinji güni hem netijeli boly. Kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýum serişdelerini çekmek arkaly bu toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ilkinji gezek guralan forumda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek hem ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Onuň çäklerinde birnäçe gepleşikler, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlikler guraldy.

Forumda çykyş edenler ulag we kommunikasiýa toplumynda isleg bildirilýän ätiýaçlyk şaýlaryň, serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary, bu ugurda hususy başlangyçlardyr önümçilik mümkinçilikleri hakynda maglumatlary köpçülige ýetirdiler.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri bolsa aragatnaşyk pudagy üçin kabelleri, öýjükli sim kartlary, akkumulýatorlary ýurdumyzda öndürmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňişleýin beýan etdiler.

Geljekde ulaglaryň hem-de ulag infrastrukturasynyň dürli görnüşleri üçin milli önümlerimizi öndürmek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin çig mallaryň aglaba böleginiň ýurdumyzda ýeterlik bolmagy önümiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli peselder. Türkmen önüm öndürijileriniň ýerli şertlere laýyk önümleri bäsdeşlige ukyplylygy bilen hem tapawutlanar. Daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan harytlary geljekde eksport etmek mümkinçilikleri-de bar.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleriniň ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak, ýolagçy wagonlarynyň içki bezeglerini döwrebaplaşdyrmak hem-de durkuny täzelemek, olarda internet hyzmatlaryny ýola goýmak, ýük howlularyny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, demir ýol terezilerini gurnamak hakyndaky çykyşlary uly gyzyklanma döretdi.

Teplowozyň elektrohereketlendirijileriniň enjamlaryny düýpli abatlamak üçin, şeýle-de ýük we ýolagçy wagonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň, demir ýoluň ýokary gurluşynyň materiallarynyň zerurlygy, demir ýolda habardar etmek, aragatnaşyk hem-de elektrik üpjünçilik hojalyklarynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek barada pikir alşyldy.

«Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň hünärmenleri hem pudagyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen bagly başlangyçlardyr teklipleri öňe sürdüler. Hususan-da, howa, deňiz gämileri üçin zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediji serişdeleri, ýük konteýnerlerini öndürmek, taksi hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy.

Şeýle-de bu möhüm ulgamy sanlylaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Bellenişi ýaly, geljekde ulag-kommunikasiýa pudaklarynda internet hyzmatlary has-da ösdüriler.

Forumda hususy logistika düzümleri hem-de «Hindiwar», «Berk önüm», «Täjir ýoly», «Uzukjemal», «Mekanara gatnawy», «Kökçi» hususy kärhanalary, «Ajap önüm» hojalyk jemgyýeti öz önümçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Olaryň döwrebap önümçilikleridir hyzmatlary hususyýetçileriň ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmelerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.

Galyndylary gaýtadan işlemek hem aýratyn üns berlen meseleleriň biri boldy. Her bir çykyşdan soňra, özara sowal-jogap alşylyp, maýa goýujylary gyzyklandyrýan meseleler, öňde duran wezipeler has-da aýdyňlaşdyryldy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/el-klasiko-14-yyldan-sonra-realyn-uly-ustunligi/

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy

Azerbaýjan, Hytaý we Gazagystan Baku portunda ýük terminalyny gurar

Ata Watan Eserleri

Akylly gaz toruny dolandyrmakda emeli intellekt mümkinçilikleri ulanylar

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş

Ata Watan Eserleri

«ADIPEC-2024» halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy