TEHNOLOGIÝA

Türkiýede “Redmi 9C” telefony öndüriler

Hytaýyň dünýä belli “Xiaomi” kompaniýasy Türkiýedäki zawodyny ulanmaga berdi. Bu zawodda öndüriljek ilkinji telefon “Xiaomi Redmi 9C” bolar.

Bu önümçilik “Redmi 9C” telefonynyň arzanladylmagyna getirer. Zawodda bir ýylda 5 million sany telefon öndürilmegi hem-de 2 müň adamyň iş bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar.

Hytaýyň kompaniýasy daşary ýurtdaky zawodlarynyň üçünjisini Hindistandan we Indoneziýadan soňra Türkiýede açdy. Bu zawod “Salcomp” hem-de “Xiaomi” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynda guruldy.

Umumy bahasy 30 million dollara barabar bolan we 14 müň inedördül metr meýdanda gurlan zawodyň resmi açylyş dabarasyna Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem sanly ulgam arkaly wideoýüzlünme iberdi.

Hytaýly kompaniýa 2021-nji ýylň ahyryna çenli Türkiýedäki dükanlarynyň sanyny 100-e ýetimegi meýilleşdirýär. Zawodda öndürilen telefonlar içerki abzary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurt bazarlaryna hem iberiler.

Emeli intellektli üç kameraly “Redmi 9C” telefonuny 6.53 dýuýmlyk ekrany bar. 5000 mAh batareýa kuwwaty bolan “Redmi 9C” smartfonuny uzak wagtlap ulanmak bolar.

 

57 günde 1 million sanysy satyldy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri

“Google” kompaniýasy Germaniýada 5.5 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirer

Ata Watan Eserleri