SIZDEN GELENLER

“Altyn asyr” türkmen kölüniň melioratiw serişdelerde ulanylyşy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdymyzyň suw baýlygyna we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik meselelerine uly üns berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän özgerişlikler çäreleriniň düýp mazmuny halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak hem-de mähriban Diýarymyzy ösen döwletleriň hataryna goşmakdyr. Bu işleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamyna hem uly borçlar degişlidir.

Garagumyň jümmişinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak baradaky innowasion taslamanyň durmuşa geçirilmegi suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglylykda möhüm meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde eklogiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýän bu taslamanyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň esasy alymlarynyň hem-de bilermenleriniň, suw hojalyk pudagynyň hem-de oba senagat toplumynyň hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, suw hojalyk ulgamynda, şol sanda täze suw howdanlaryny, gidrotehniki we melioratiw desgalarynyň gurluşygy boýunça giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilendigini aýratyn nygtamak gerek.

Häzirki döwürde “ Türkmenistanyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlaryň çäklerinde suw arassalaýjy zawodlar, suw süýjediji desgalar gurulýar, suw arassalaýjy desgalaryň hem-de suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenýär. Şunuň bilen birlikde, iň täze tehnologiýalar we innowasion ylmy işläp taýýarlamalar tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar.

Türkmen kölüniň suw howdanlarynda ýetişdirilen balykçylyk hojalyklaryny döretmek üçin  goşmaça mümkinçilikleri hem döreder. Melioratiw serişdelere oba hojalygynda suwy ulanmak, onuň ýetirýän zyýanynyň öňüni almak üçin göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşýan zähmet predmetleri we zähmet serişdeleri degişlidir.

Melioratiw serişdeleriň esasy bölegini suwarymly ýerler tutýar. Suwarymly ekrançylykda özboluşly zähmet predmetiniň hem-de  önümçilik serişdeleriniň biri hem suw baýlygydyr. Onuň ýeterlik bolmagy we ulanylmagy ykdysadyýetiň her bir pudagynyň ösüşini kesgitleýär.

Suwarymly ekrançylygyň hem-de suw baýlyklarynyň doly we netijeli ulanylmagy akabalaryň hem-de beýleki suw desgalarynyň, önümçilik serişdeleriniň ýeterlik bolmagy bilen baglydyr. Olaryň gurulmagy ýeriň suw ýagdaýyny üýtgetmäge we önümçiligi ýokary derejede gurmaga mümkinçilik berýär.

Melioratiw serişdeler oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň zerur  şertleriniň biridir. Oňa Garagum derýasy mysal bolup biler. Häzirki wagtda derýanyň suwy bilen Türkmenistanyň ähli suwarymly ekrançylyk ýerleriniň 50%-i üpjün edilýär. Suwarymly ekrançylyk ýerlerini suw bilen üpjün edýän kärhanalaryň esasy önümçilik serişdelerine suwaryş akabalary we ýaplar degişlidir.

Häzirki wagtda suw hojalygy döwletimiziň pudaklaryna her ýylda orta hasapdan 16-17 mlrd suwy berýär, onuň bolsa 90%-den gowragy oba hojalygynda ulanylýar. 2030-njy ýyla çenli suwarymly ekerançylyk ýerleriniň meýdanyny 2,0 mln gektara ýetirmek meýilnamalaşdyrylýar, geljekde täze ýerler özleşdiriler we kärhanalar açylar. Bular bolsa bar bolan suw gorlaryny tygşytly peýdalanmagy we täze suw çeşmelerini tapmaklygy talap edýär.

Suw hojalyk pudagy döwletimiziň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklaryndan zähmetiň guralyşy, ýokary hünärli işgärleriň köp işleýändigi hem-de pudagyň esasy serişdeleriniň önümçilikdäki paýy boýunça we başgada birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şonuň  ýaly hem bu pudak beýleki pudaklara garanyňda bir iş ýerini döretmek üçin köp möçberde maýa goýum talap edýär.

Türkmenistanda ýerden we suwdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak we çölleşmä garşy göreşmekde anyk işler durmuşa geçirilýär.

Ogultäç Rejepowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy. 

 

“Tesla” ulaglaryny bitkoin bilen almak bolar

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk