SPORT

Çempionlar ligasy: Ronaldonyň şowsuzlygy, Holandyň üstünligi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Italiýanyň “Ýuwentus” topary öz meýdançasynda Portugaliýanyň “Porto” toparyny kabul etdi. Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bilen duşuşdy.

Kristiano Ronaldoly “Ýuwentus” topary duşuşykda 3:2 hasabynda utandygyna garamazdan, “Porto” topary garşydaşynyň meýdançasynda 2 gol geçirendigi hem-de ilkinji duşuşykda 2:1 hasabynda üstün çykandygy üçin indiki tapgyra çykdy. Ronaldonyň topary şowsuzlyga uçrady. Ronaldo 15 ýyldan soňra bu ýaryşyň 1/8 finalynda gol geçirip bilmedi.

“Borussiýa Dortmund” topary bolsa Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, indiki tapgyra çykdy. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 3:2 hasabynda nemes toparynyň peýdasyna tamamlanypdy.

bu duşuşykda hem 2 gezek tapawutlanan “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erlin Holand Çempionlar ligasynda rekorda barýar. Ol gollarynyň sanyny 20-ä ýetirdi we bu ýaryşda 20 gola ýeten ilkinji ýaş futbolçy boldy.

 

Meşhur stadionyň ady üýtgediler

 

Related posts

Aşgabatda Dewisiň Kubogy boýunça halkara tennis ýaryşy geçiriler

Türkmenistanly hünärmen Aziýa Kubogyna (U20) gatnaşmaga mümkinçilik aldy

Messi dünýä futbolynyň ösüp barýan 15 ýyldyzyny mälim etdi

Ata Watan Eserleri