Köp ýyllyk miwe berýän agaçlar özleriniň ýaşaýyş aýratynlyklary, köpeldilişi hem-de ähmiýeti boýunça bir-birlerinden tapawutlanýarlar. Şeýle görnüşdäki agaçlaryň biri hem nardyr.
Nar uzak wagtlap miwe berýän hem-de süýnmek görnüşli ýapraklary bar bolan gyrymsy agaçdyr. Onuň boýy 5-6 metre çenli ýetýär. Öý şertlerinde nary ösdürip ýetişdirilende onuň boýy 200 sm-den geçmeýär. Naryň şahalary inçe we tikenli görnüşde bolýar.
Naryň miwesi ösüp ýetişende diametri 18 santimetre çenli bolýar. Miwäniň daşynyň reňki goňur-gyzyl, mämişi-sary bolup, onuň içinde 1200-e çenli tohum saklanýar. Nar 40 ýyla çenli miwe berýär.
Ýaşajyk nar agajynyň nahaljyklaryny onuň miwesinden we çybyklaryndan ösdürip ýetişdirýärler. Onuň miwesiniň içindäki dänejikler nary köpeltmek üçin tohum bolup hyzmat edýär. Naryň gowy bişen miwelerini alyp, onuň tohumlaryny 12 sagat suwda ýatyrmaly we oňa 2-3 damja degişli witaminleri (Epin ýaly) goşmaly. Şeýle witaminleriň goşulmagy geljekde naryň köklemeginde uly orny bardyr. Onuň tohumy güýzde ýa-da ýazda ekilýär. Ekilen nar tohumjyklaryndan ýaş nar nahaljyklary 2-3 hepdeden peýda bolýar.
Şeýle-de naryň köpeltmegiň ýene-de bir görnüşi çybyklary arkaly köpeltmekdir.
Suratdan görnüşi ýaly edip, naryň ýaşajyk çybyklaryny almaly we ony köpeltmek üçin peýdalanmaly. Nar agajynyň çybyklaryny ýanwar-fewral aýlarynda kesip almaklyk özüniň oňyn netijesini berýär. Uzynlygy 10-15 sm bolan nar çybyklaryny kadaly ýagdaýda ösen baldaklaryndan kesilip, gözleg gutusyna ýa-da ýyladyşhana ekilýär.
Ýaş nahaljyklar gögerip çykyp, 1 ýyl geçenden soň olar hemişelik hasyl alynjak ýerlerine göçürilýär.
Nar agajy ekilenden 3 ýyl geçenden soň, baharyň soňky hepdelerinde gülläp başlaýar. Güller mämişi-gyzyl reňkde bolup, onuň şahalarynda ýerleşişi 2 görnüşde bolýar. Onuň birinji görnüşi jaň şekilli güller, ikinjisi bolsa küýze şekilli güllerdir.
Işjeň ösüş döwründe nary suwarmak işleri ýygy-ýygydan geçirilýär, ýöne gülleýän döwründe suwaryşyň azaldylmagy zerurdyr. Gyş aýlarynda bolsa nar agaçlaryny seýrek suwarmaly.
Naryň miweleri adamyň ýaşaýyşynda örän uly ähmiýeti bardyr. Onuň yzygiderli iýilmegi ýüregiň kadaly işlemegine uly ýardam berer. Onda takmynan 15 sany aminokislotalar bar. Şeýle hem ol K, C, B9 we B6 witaminlerine we minerallara (kaliý, mis, fosfor) baýdyr. Nar, süňkleriň we birleşdiriji dokumalaryň alyş-çalşynda möhüm rol oýnaýan K witamine baýdyr. Nar dişlere ideg etmekde, immuniteti ýokarlandyrmakda we iýmit siňdirişi gowlandyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr.
Rüstemow Derýa,
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük
Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.