JEMGYÝET

Nesihatly hekaýa

Ýaşuly adamyň aýaly öz öýünde her gün mesge taýýarlaýardy. Goja her gün aýalynyň taýýarlan mesgelerini golaýyndaky dükana äkidip satýardy. Şeýdip, är-aýal güzeranyny aýlaýardy. Dükanyň eýesi gojanyň getirýän mesgelerini terezide ölçemän alýardy. Emma bir gün dükanyň eýesi gojanyň getiren mesgesini terezide çekip gördi. 900 gramdygyny görüp, gaharlandy. Ertir ýaşuly gelse, ondan munuň sebäbini sorap, soňra mesge almagy bes ederin diýip, dükanyň eýesi öz ýanyndan gaharlanýar.

Ertesi gün irden ýene-de ýaşuly elinde mesgeleri bilen dükana gelýär. Dükanyň eýesi gaharly ýüzi bilen ýaşula mundan beýläk mesge almajakdygyny aýdýar. Ýaşuly gynanyp, dükanyň eýesine ýüzlenip, näme ýalňyşlyk goýberendigini soraýar. Dükanyň eýesi seniň getirýän mesgäňi çekip gördüm, 900 gram çykdy. Bu edeniň üçin utanç dälmi?  – diýýär.

Ýaşuly goja utanyp, başyny aşaklygyna goýberýär. Biziň terezimiz ýok, senden satyn alan 1 kilogram şekeri terezi hökmünde ulanýarys – diýip jogap berýär.

Dükanyň eýesi utanjyndan näme diýjegini bilmedi.

Ine, bu pany dünýä şeýle: kime nähili hormat goýsaňyz, şeýle hormata hem mynasyp bolarsyňyz.

                                                                                              Internet materiallary esasynda taýýarlandy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi