Şu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanar. Munuň üçin paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda senagat we durmuş maksatly binalar gurlup, ulanmaga berler. Şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde degişli Kararlar we çözgütler kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde önümçilik we durmuş maksatly binalaryň sanawynyň düzülendigi bellenilip geçildi. Şol sanaw hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi. Milli Liderimiz bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysyndan ýurdumyzyň hususy pudagynyň alyp barýan taslamalary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýolbaşçysyndan ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dokma toplumlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabatlary aldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan desgalaryň hatarynda döwlet münberi, kaşaň myhmanhana, “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara ediş binalary bar. Bu iri taslamalar paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde gurulýar.
Şeýle hem sebitlerde gurulýan uly söwda merkezleriniň, Aşgabat-Tejen awtobanynyň, dokma toplumlarynyň we ýaşaýyş toplumlarynyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!