JEMGYÝET

“Sygyr eýesini tanady, eýesi sygryny tanamady”

Dostlarymyň biri gürrüň berýär.

Ertir namazyndan öýe dolanyp gelýärkäm, ýolda sygyry güýç bilen ulaga ýüklemek isleýän topara duş geldim. Sygyr ulaga münmek islemeýärdi, daş-töweregindäki adamlara kynçylyk döredýärdi.

Men sygyryň golaýyna baryp, onuň kellesini sypaladym. Sygyr köşeşdi we daş-töweregine kynçylyk bermegi bes etdi. Adamlar ony derrew ulaga ýükläp, çaltlyk bilen daşlaşdylar.

Men öz ýanymdan buýsanyp, öz-özüme “Ertir namazynyň gudraty” diýdim.

Öýümize gelsem, ejem aglap otyran eken. Eje näme üçin aglaýarsyň? – diýip soradym. Ol hem maňa sygyrymyzy ogurlapdyrlar – diýip, jogap berdi. Soňra öz özüme, sygyr meni tanapdyr, men sygyry tanamandyryn – diýenimi duýma galdym.

Käte sygyrlar adamlary, käte-de adamlar sygyrlary tanamaýar ⁉

Özüňizi gaty ulumsy we gudratly adam diýip pikir etmäň, garaşylmadyk kynçylyklara duçar bolup bilersiňiz.

Internet materiallary esasynda taýýarlandy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener