Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen “Daşary ýurt žurnalistleriniň Akkreditasiýa Şahadatnamasynyň” eýesi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Ata Watanymyz baradaky habarlary diňe bir ýurdumyzyň çägindäki köp sanly okyjylara gyzgyny bilen ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem bu habarlary Türkmen we Türk dillerinde dünýäniň dürlü künjegindäki Türkmenistan barada gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine ygyzygiderli ýetirip gelýär. Saýtymyzyň Iňlis we Rus dilindäki sahypalary bolsa gelejekde has kämilleşer. Bellemeli zat, dünýäde täjirçilik, ykdysadyýet, teknologiýa, sport we medeniýet ulgamynda bolup geçýän täzelikler bilen baglanşykly (global habarlary) ene dilimizde saýtymyza ýerleşdirilýän habarlar okyjylarymyzyň göwnünden turýandygy baradaky bellikleri bizi begendirýär. Ýakynda Android ulgamynda işleýän Applikasiýamyzyň hem hereket edip başlandygyny ýatlatmak isleýäris. Saýtymyz tarapyndan Türkmen we Iňlis dillerindäki ilkinji akylly sesli sözlük-Makul Sözlük taslamamyz hem durmuşa geçti. Saýtymyzdaky habarlar “Google Analytic” maglumatnamasynda görä 2020-nji ýylda jemi 2,35 million gezek “okaldy”. Saýtymyzyň Instagram, Imo, Facebook we Twitter hasaplary işjeň hereket edýär. Bu bolsa, resmi hasaplarymyzy yzarlaýan onmüňlerçe okyjylaryň saýtymyza girmezden habarlarymyzdan yzygiderli “habarly” bolandygyny görkezýär.
Şu ýerde bir zady bellemek isleýäris. Ýagny, saýtymyzda Sizden Gelenler ady bilen aýratyn bir bölümiň hereket edýändigini size habar berýäris. Bu bölüm okyjylar tarapyndan ýazylan habarlary we eserleri neşir etmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda köp sanly okyjylarymyzdan gelip gowşan habarlar we eserler Interaktiw (özara işjeňlik) sahypamyza ýerleşdirildi. Bu sahypa okyjy –döredijilik topary-okyjy arasynda özara işjeňlik sahypasy bolmak bilen, okyjylarymyzyň ýazan eserleriniň döredijilik toparymyz tarapyndan köp sanly okyjylarymyza ýetirýän platformdyr.
Makalalaryňyzy atawatanhabar@gmail.com salgysyna iberiň!
Okyjylarymyz öz ýazan makalalarynyň, eserdir habarlarynyň awtoryny görkezmek şerti bilen saýtymyza ýerleşdirilmek üçin atawatanhabar@gmail.com salgysyna «Sizden gelenler» belligi bilen iberip biljekdigini ýene bir gezek ýatlatmak isleýäris.
Ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasymyzy şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyp bilersiňiz. Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!