SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türk Howa Ýollary: möhüm bildiriş

Türkiýe Respublikasynyň milli awiasiýa gullugy “Türk Howa Ýollary” öz uçarlaryndaky ýolagçylaryndan “COVID-19” barlag kepilnamasyny talap edýär. Bu barada kompaniýa tarapyndan bildiriş çap edildi.

Şol bildirişde Türkiýä gelýän ýolagçylarda 72 sagat ozal negatiw netijesi bolan kepilnamany görkezmek talap edilýär.Bu kepilnama möhleti 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda güýje girýär. Çap edilen ýa-da sanly ulgamda kepilnamasynyň nusgasy bolmadyk ýolagçylaryň uçara goýberilmeýändigi mälim edilýär.
Bu kepilnama 6 ýaşdan kiçi bolan ýolagçylar üçin zerurlygy ýok. Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan ýurda gelýän adamlardan serhetlerdäki geçiriş-goýberiş nokatlarynda hem saglyk kepilnamasy talap edilip başlanandygy hem
habar berildi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Related posts

Beýik Britaniýadan sanjym tassyknamasy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: onlaýn satyn alnan bileti yzyna gaýtarmak tertibi

16 aýdan soňra koronawirusdan halas boldy