SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sanjymy üçin 9 milliard dollar

Aziýanyň Ösüş Banky ösýän agzalaryna täsirli we ygtybarly COVID-19 garşy sanjymlaryny satyn almakda we gowşurmakda goldaw bermek üçin Aziýa-Ýuwaş ummanyna sanjymlary elýeterlilik etmek üçin 9 milliard dollar pul möçberde gaznasyny (APVAX) döretdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

“Aziýanyň Ösüş Bankynyň ösüp barýan agzalary, öz raýatlaryna gysga wagtda sanjym etmäge taýýarlyk görýärler, sanjym satyn almak üçin maýa goýum, şeýle hem sanjym işini howpsuz, adalatly we netijeli dolandyrmak üçin birnäçe meýilnamalar gerek” diýip Aziýa Ösüş Bankynyň prezidenti Masasugu Asakawa belledi. Şeýle hem bu döredilen gazna, ösüp barýan agzalaryň meselelerini çözmek, pandemiýany ýeňip geçmek we ykdysadyýetini dikeltmek üçin uly goldaw bolar diýip, Aziýa ösüş bankynyň prezidenti nygtap geçdi.

Bu gazna ösýän Aziýa ýurtlarynyň sanjymlara goşmaça iki komponent arkaly elýeterliligini goldar:

  1. 1. Sanjymlary anyklamak, satyn almak we satyn alyş nokadyndan Aziýa ösüş bankynyň agzalaryna çenli eltmek üçin öz wagtynda goldaw berer.
  2. 2. Maýa goýum bölegi sanjymlaryň paýlanyşyny, gowşurylyşyny we dolandyryş ulgamlaryny we gözegçiligine degişli maýa goýumlaryny goldar. Bu bölegi saklanyş, sowukda daşamak şertleri, ulaglar, paýlanyş infrastruktura öz içine alar.

Aziýanyň ösüş banky – sanjymlary maliýeleşdirmek babatda Bütindünýä bankynyň topary, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Global COVID-19 garşy sanjymlara giriş gaznasy (COVAX), GAVI, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlar ýaly beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolar.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy