SPORT

21-nji asyryň iň beýik aktýory yglan edildi

“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň beýik 25 sany aktýoryň sanawyny yglan etdi. Sanawa diňe bir amerikaly aktýorlar däl, eýsem Ýewropadan, Hytaýdan we Koreýadan aktýorlar hem girýär. Bu aktýorlary gazetiň meşhur kino tankytçylary Manola Dargis we A. O. Skott saýladylar. Sanawda birinji oruny amerikaly Denzel Waşington eýeledi.

“Ekranyň ýyldyzy we şol bir wagtyň özünde köne kino mekdebiniň şägirdi. Denzel kino sungatynda duýgur ussat aktýor hökmünde tanalýar. Şekspir we Awgust Wilson gahrymanlaryň rollaryny ýerine ýetirip biler. Şeýle hem kinoda ýönekeý ýigitleri ajaýyp oýnap bilýär” diýip, kino tankytçy Skott belläp geçýär. Ikinji orny fransiýaly aktrisa Isabel Ýupper, üçünji orny bolsa 3 sany “Oskar” baýragynyň eýesi irlandiýaly aktýor Deniel Deý-Lýuis eýelediler.

“The New York Times” gazetiniň XXI asyryň iň beýik 25 sany aktýoryň sanawy:

  1. 1. Denzel Waşington
  2. 2. Isabel Ýupper
  3. 3. Deniel Deý-Lýuis
  4. 4. Kianu Riwz
  5. 5. Nikol Kidman
  6. 6. Son Kan-ho
  7. 7. Toni Serwillo
  8. 8. Çjao Tao
  9. 9. Wiola Dewis
  10. 10. Sirşa Ronan
  11. 11. Julianna Mur
  12. 12. Hoakin Feniks
  13. 13. Tilda Suinton
  14. 14. Oskar Aýzek
  15. 15. Maýkl B. Jordan
  16. 16. Kim Min-hi
  17. 17. Elfri Wudard
  18. 18. Willem Defo
  19. 19. Ues Stýudi
  20. 20. Rob Morgan
  21. 21. Katrin Denýow
  22. 22. Melissa Makkarti
  23. 23. Maherşala Ali
  24. 24. Sonýa Braga
  25. 25. Gael Garsia Bernal

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Gwardiola üçin täze teklip

Maýk Taýson-Jeýk Pol: boks tutluşygynyň rekordlary

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi

«Köpetdag» – ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi

Maýk Taýson hem-de bloger Jeýk Pol boks tutluşygyna çykýar

Ata Watan Eserleri