DÜNÝÄ

Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanan sanly maslahat

Bütindünýä çagalar gününde we Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň gününde, Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistandaky ýaş ilçisi, Nartäç Garaýewa we ÝUNISEF-iň wekili Kristin Weýgand hemmeleri pandemiýadan soňky dünýäni her bir çaganyň ýagty geljegi üçin täzeden gözden geçirmäge çagyrdylar.

Interaktiw sanly maslahatyň ýaş alyp baryjysy Nartäç, öz gezeginde gatnaşyjylara – hökümet hyzmatdaşlaryna, BMG-niň düzümleýin edaralaryna, diplomatik düzümine, we halkara guramalaryna, jemgyýetçilik guramalaryna, bilim ulgamynyň wekillerine, metbugat işgärlerine we ýaşlara ýüzlendi. “Çagalar we ýaşlar oňyn özgerişlere ýardam berýän güýç bolup bilerler. Biz öz durmuşymyza täsir edýän ähli işlere gatnaşmak isleýäris”- diýip, Nartäç ÝUNISEF-iň wekili bilen bilelikde çäräni ussatlyk bilen alyp bardy.

Kristin Weýgand: “2020-nji ýyldaky Bütindünýä Çagalar güni düýbünden üýtgeşik dünýäde bellenilýär. Sebäbi bu ýul, biz bütindünýä krizisi, ýagny koronawirusyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolduk.” – diýdi. “Egerde, gyssagly çäre görülmese, bu saglyk krizisi çaga hukuklarynyň krizisine öwrülip biler” – diýip Kristin Weýgand belläp geçdi.

ÝUNISEF-iň wekili ähli gyzyklanýan taraplary aşakdaky ugurlara üns çekmäge çagyrdy:

  • Sanly ulgamda deňsizligi azaltmak arkaly ähli çagalaryň bilim almagyny üpjün etmek;
  • Iýmit we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi kepillendirmek we sanjymlary her bir çaga üçin elýeterli etmek;
  • Çagalaryň we ýaşlaryň psihiki saglygyny goramak, zorlugyň, jyns esasynda zorlugyň we çaganyň äsgermezliginiň öňüni almak;
  • Arassa agyz suwuna we arassaçylyk şertlerine elýeterliligi giňeltmek we daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek;
  • Ejiz maşgalalar we çagalar üçin durmuş taýdan goragy we hemmeler üçin ähliumumy dikeldiş işini üpjün etmek;
  • Bosgun çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň goragyny üpjün etmek üçin tagallalary berkitmek.

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen bu çäre, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde gurnaldy. Bu sanly duşuşyk, ÝUNISEF-iň ähli hyzmatdaşlaryna, 2020-nji ýylda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler bilen has giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Institut çaga hukuklary boýunça komitetine hödürlenen milli hasabat barada aýdyp geçdi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bolsa, saglygy goraýyş, bilim, durmuş taýdan gorag we metbugat we aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikdäki gazanylan üstünlikler barada belläp geçdiler. ÝUNISEF-iň indiki ýylda täze hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň başlanmagy bilen, Kristin Weýgand geljeki bäş ýyl üçin ileri tutulýan ugurlaryň we meýilnamalaşdyrylan strategiýalaryň üstünde durup geçdi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatynda boldy

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy