ATAWATAN ESERLERİ

“Leýlisaç barada rowaýat” – bagtdan gurlan ymarat

(Oýlanma)

Ala gözli, galam gaşly, sadap dişli, söwer ýaryma,dünýe baryma gowşurany üçin bu gün meniň Gudraty güýçli Alla alkyşym çäksiz. Şol günler meniň üstümden geçmejek ýalydy. Günde sen meniň elimden gidäýjek ýalydyň. Her gün seni iň bolmanda bir gezek görmegi arzuw edip, öýňüziň penjiresine garardym. Siziň öýňüziň yşygy meniň üçin edil bagt ýyldyzynyň şuglasy ýaly nurlydy. Meniň garaşyp duranymy duýýan ýaly sen penjiräniň öňüne gelerdiň. Meni görübem ýylgyryp penjiräni ýapardyň. Şol wagt meniň üçin dünýä gapyşana dönýärdi. Ýöne meniň bu howsalalarymyň bary biderek bolup duruberýärdi. Az salymdan sen emaý bilen assa ýöräp, ýeriň gaýmagyny bozman, misli näzijek aýaklaryňy ýere dözmän ýanyma gelýärdiň. Şol pursat menden bagtly adam ýokdy. Ikimiziň ýanýodadan bile ýöräp barýanymyzy gören adamlar bize buýsançly nazarlary bilen bakýardylar. Biz seýilgähiň içi bilen gidip barşymyza sen biraz sägindiň-de : “Seret,  hol aradaky geçen döwlet konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligine degişli “Leýlisaç barada rowaýat” aýdymy ýadyma saldy diýdiňde, uzyndan mähriban başyny göýä ikimiziň bagtymyza guwanyp şemala yralaýan leýlisaç bagyna söýenip, süýji arzuwlaryň girdabyna düşdiň. Men bolsa seniň sadadan sypaýy ajaýyp keşbiňi tebigatyň özboluşlygygy bilen  sazlaşdyryp, şol konserdäki aýdyma hiňlendim.

Gül büräp degre daşyňy,

Ýeller sypamyş saçyňy.

Hany bak galdyr başyňy

Men seniň ýanyňa geldim

Ýar seniň ýanyňa geldim.

Şol wagt hatda dünýäniň bar baýlygy meniň elimde ýalydy… Ýöne durmuşyň oýny her taraply, söýgüniň ýoly çarkandakly. Şeýle süýji, şeýle lezzetli günleriň birinde ikimiziň aramyza edil gynyndan çykan almaz hanjar kibi  ýakymsyzlyklar, düşünişmezlikler aralaşyp başlady. Sen günde aglaýardyň. Menden bizar bolanlygyňy, meni göresiň gelmeýänligiňi aýdardyň. Şonda-da men sabrymy elden bermän seni diňlärdim, saňa göwünlik bererdim. Seniň gahardan ýana sandyraýan elleriňi elimiň aýasyna alsam, seniň gussaly başyň meniň egnime senden biygtyýar goýulardy. Şonda seniň ” Meni bagyşla, men seni ýigrenemok, ýöne näme üçindir edil öňkim ýaly söýüp hem bilemok” diýerdiň. Ýöne men bilýärdim, seniň meni tüýs ýüregiň bilen söýýänligiňi. Eger sen meni söýmedik bolsaň, sen meniň ýanyma gelmezdiň ahyryn. Ine, şonuň üçin hem men seni bagyşlaýardym. Sebäbi menem seni söýýärdim. Hakyky söýgi bolsa, geçirimliligi talap edýär. Ýöne, asyl bu bolýan zatlaryň arasynda seniň joraň esasy arabozar bolup çykdy oturberdi. Ol saňa men barada erbet pikirleri döretmekçi bolupdyr. Sen bu zatlar üçin özüňi günäkärlediň. Asla men bolsa seni ýazykly görmedim. Emma durmuşda çyn söýgüňe ýetmek üçin göreşmeli. Näme üçin göreşmejek?!  Men öz söýen ýarym bilen ömrümi baglamagy niýet etdim. Sebäbi, ykbal ýoluny bile külterläp geçjek zenan ol seniň mähriban ýaryň, wepadar syrdaşyň.  Şol günlerden soň ikimiziň aramyzda ýene-de söýgi ody barha alawlady. Wagtyň geçmegi bilen ene-atalarymyzyň razylygy bilen biz durmuş gurdyk. Bagt toýumyza alysdyr-ýakyndan gelen dost-ýarlarymyz, mähribanlarymyz şol günki ýatdan çykmajak durmuş toýumyzyň  bagtly şaýady bolmak üçin jemlenşipdirler. Şol gün ajap kamatyňy hasam gözel görkezýän owadan toý lybasyň saňa gelşik berip durdy. Ikimiz assa ýöräp toý mekanyna giren dessimize şol seýilgähdäki süýji ýatlamalary kalbymda oýaryp, bagşy aýdyma başlady, biz bolsa şol aýdymyň astynda jübütlik tansyny edipdik.

Gül içinde ýaza dönüp,

Kä öňe, kä yza dönüp.

Bir mylaýym saza dönüp

Men seniň ýanyňa geldim.

Ýar seniň ýanyňa geldim.

…Hudaýa müňde bir şükür. Ykbal bize bagtyň iň uly bölegini peşgeş etdi. Bu gün men seniň bilen guran ykbal köşgümde iki sany bagtyýar perzendiň kakasy. Men senli ýatlamalara berlip oturşyma, ýaňy dil bitip ugran oguljygymyň “Kaka ejemem alyp seýilgähe gidäýeli” diýen sesine özüme geldim. Bu owadan dünýädäki mähribanlarym bilen gözel paýtagtymyzdaky şol arzyly seýilgähe seýran edip ýörşüme ýene-de şol  aýdyma biytyýar hiňlendim:

Göçüp serden akyl-huşlar,

Bu baharlar bagty buşlar

Bagt üçin hiç haçan giç däl

Meniň seniň ýanyňa geldim

Ýar seniň ýanyňa geldim.

Döwran Gullyýew,

Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň

Jemagat hojalygy müdirligiň pasportçysy, hukukçy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

Türk dili sahypamyz

Saýtymyza ýerleşdirýän habarlaryň käbiri, şeýle hem Türkiýedäki Türkmenistanlylary gyzyklandyrýan habarlary saýtymyzyň Türk dili sahypasyna ýerleşdirýäris. Eger Siz habarlarymyzy Türk dilinde okamak isleýän bolsaňyz, onda, ekranyň sag üst tarapyndan Türkiýäniň baýdagyny saýlaň!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri