DÜNÝÄ

Iňlis konsul hytaýly gyzy halas etdi

Britaniýaly konsul Stiwen Ellison Hytaýyň Çžunşan şäherinde gark bolup barýan 24 ýaşly talyp gyzy halas etdi ― diýip, «Sky News» ýazýar.

Sosial ulgamlarda paýlaşylan görnüşlerde talyp gyzyň suwa gaçyşy, onuň essiniň aýylyşy görünýär. Hatda bu ýagdaýy görüp, bir çäre gözlemegiň ýerine ony surata düşürýän adamlaryň gykylygy hem eşidilýär.

Bu ahwalaty gören 61 ýaşly konsul pikirlenmän özüni suwa oklady we kynlyk bilen bolsa-da, talyp gyzy halas etdi.

«Biziň ählimiz Çunsindäki baş konsulymyza guwanýarys» diýlip, Beýik Britaniýanyň Pekindäki ilçihanasynyň «Twitter» sahypasynda aýdylýar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary