DÜNÝÄ

Asyrlar mundan ozal ýitip giden yslary tapar

Ýewropanyň üç sany uniwersiteti 100-500 ýyl ozal ýitip giden yslary ýüze çykarmak üçin taslamalar taýýarladylar. “Odeuropa” (Medeni miras tejribelerinde we gözleglerde ys we duýgur tejribeler barada gepleşikler) atly taslama ýüzlerçe ýyl ozal adamlaryň ýitiren yslaryny ýüze çykarmak maksady bilen başlandy. Angliýanyň “UCL”, “Ruskin” atly uniwersitetler we Niderlandiýanyň Korollyk sungat we ylymlar akademiýasy tarapyndan işlenip düzülen bu taslama Ýewropa Bileleşiginiň “Horizon 2020” maksatnamasyndan 2 million 800 müň ýewro goldaw aldy.

Taslamany dürli ýurtlardan goldaýan alymlar 100-500 ýyl ozal dünýäde bar bolan yslary emeli intellekt bilen ýüze çykarmagy maksat edinýärler. Emeli intellekt gadymy tekstleri şeýle hem yslary ýedi dilde anyklar we hünärmenleriň gözden geçirmegi üçin birleşdirerler. Hünärmenler her ysyň taryhyny, nirede ulanylýandygyny we nämeden emele gelendigini barada hoşboý ensiklopediýasyny düzmegi maksat edinýärler. Alnan maddalar hoşboý ysyň häzirki zaman döwrebap yslary döretmek üçin hünärmenlere we parfýumerlere berler.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy