JEMGYÝET

Türkmenistanda daşary ýurtly awtoulag tirkegleriniň ýygymlary

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi.

Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşygy) durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýerine ýetirildi. Onuň esasy maksady – halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy, üstaşyr ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, has giňişleýin ykdysady integrasiýa maksady bilen gümrük, wiza we beýleki amallaryň ýeňilleşdirilmeginden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýokarda görkezilen ylalaşyklaryň gatnaşyjysy bolmak bilen, sebit we halkara derejelerinde ulag hem-de üstaşyr geçelgeleri ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine hemmetaraplaýyn itergi berýär. Türkmenistan kontinental ölçegli ulag-üstaşyr ýollarynyň döredilmegi babatynda çykyş etmek bilen, demirýol, awtoulag, howa we deňiz ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň, hususan-da Türkmenbaşy şäheriniň döwrebap port toplumynyň giň gerimde peýdalanylmagy bilen, bar bolan ähmiýetli mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ulanylmagyna ymtylýandyr.

Öz üstüne alan borçnamalaryna hemmetaraplaýyn ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň şu ýyl ençeme halkara resminamalaryna, hususan-da 1975-nji ýylda kabul edilen Halkara magistral awtoýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1985-nji ýylda kabul edilen Halkara magistral demir ýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1991-nji ýylda kabul edilen Halkara utgaşdyrylan gatnatmalaryň, daşamalaryň möhüm ýollary we desgalary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol hereketi hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna Ýol çyzgylary hakyndaky Teswirnama goşulandygyny bellemek wajypdyr.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler