Ahmet özüniň ilkinji söýgüsi bolan Kamary ýadyndan çykarmajak ýalydy. Ýöne Güllere duşany bäri ähli zat gün geçdigiçe gözelleşip hasratdan doňan kalby gyş gutaryp ýaz gelene meňzäp buzlary ýuwaş-ýuwaş eräp başlady. Güller Ahmediň kalbynda Kamaryň köne aýak yzlarynyň bardygyny bilse-de bilmedikden bolup,oňa öz mähir-muhabbeti bilen täze bir dünýä gaýtaryp bermek isleýärdi. Bu Gülleriň pikir edişi ýaly aňsat düşmese-de kalbyna çümýän tikenleriň agyrysyny duýmazlyga çalyşýardy.Gapdaldan eşidilýän Ahmet baradaky gep – gürrüňler Gülleriň pikirini jinnek ýaly hem üýtgedip bilmedi.Bu meselede Güllere Ahmede bolan çäksiz söýgisi umyt berýärdi. Ahmediň Kamaryň biwepalygyna bolan ýigrenji kem-kemden ýitip Güllere bolan garaýşy düýbünden kämilleşip başlady.
Söýginiň güýçlenmegi bilen her tarapdan bildirilýän garşylyklar hem derýa kimin joşup başlady. Güller Ahmedi gowy görýänini ejesine başdan aýdypdy. Ejesiniň razydygyny Ahmede-de duýdurypdy. Ahmet Gülleri gowy görýändigini ähli kişiden gizläp saklady. Bir gün Ahmediň mamasy Züleýha daýza: ,,Gyzym, ogluň Ahmet Gülnabadyň gyzy bilen halaşýarmyşyn. Sen onuň aladasyny et. Gülnabadyň özi gyz wagtlary ady uly ile belli bolan. Gyzy hem gowy gyz däldir. Ogluňa gowuja düşündir. “Onsoňam il içinde abraý gerek”- diýip uly gyzy Güljemala berk sargapdyr. Ejesi gelip Ahmede ähli zady düşündiripdir. Ahmet beýle gyz bilen halaşýan diýmäne utanyp, ejesiniň hem göwnüni ýykmazlyk üçin ýalan sözlemeli bolupdyr. Şondan soňra Ahmet Gülleri göresi gelse-de, Gülleriň mamalarynyň obasynda ýaşaýanlygy sebäpli olara ýygy-ýygydan barmaklygyny kesip başlapdyr. Eger bardy-geldi baran ýagdaýynda hem gije barmagy ýola goýupdyr.
Bir gün Ahmet mamalaryna myhmançylyga baranda,Gülleri göresi gelýänligi sebäpli mamasyna:,, Mama men oglanlar bilen otyrmaga gitjek giç galman gelerin” – diýip çykyp gitýär. Ahmet Güller bilen jaňlaşyp görüşmegi teklip edýär. Güller hem öýlerinde ýeke özüniň,kakasynyň hem ejesi bilen tomus howasy bolanlygy üçin daşynda ýatandyklaryny özüniň çykyp bilmeýänligini aýdyar. Ahmet Güllere:,,Sen çykyp bilmeseň özüm bararyn aýnany açyp goý diýip tabşyrýar.” Güller oglanyň göwnüni ýykmajak bolup razylaşmaly bolýar. Ahmet aýnadan girýär we şeýdip daňdanlar sagat bäşe çenli söýginiň balyny susup, deňzinde ýüzýär…
…Ahmet aýnadan daşyna çykyp garaňkyň içi bilen mamalaryna tarap ugraýar, mamalaryna ýetende telefonyna seretmek üçin eline telefonyny alanda sessiz ýagdaýda geçirilip gelen jaňlaryň jogapsyz galanlygyna gözi düşýär.Gelen jaňlar Ahmediň mamasy bilen ejesinden gelen jaňlardy. Ahmet ejesine jaň etýär. Ejesi: ,,Oglum gije nirede bolduň, mamaň alada edip ýatyp bilmändir. Gijem bolsa nirede boljagyňy, baryp bilmejegiňi duýduraýmaly ekeniň” – diýipdir. Ahmet ýene ýalan sözläp Döwran atly bir oglanyň öýünde oturandyklaryny, jaňy bolsa ýatyp galanlygy sebäpli görmändigini aýdypdyr.
Ahmet ejesini arkaýyn edip mamalarynyň öýüne girmekçi bolup gapyny açanda mamasynyň girilýän gapynyň agzynda ýatanyna gözi düşüpdir. Mamasy gapynyň açylanyny eşidip oýanypdyr hem-de agtygyndan bu wagta çenli nirede bolanlygyny sorapdyr. Ahmet edil ejesini aldaýşy ýaly mamasyny hem aldapdyr.
Günleriň bir güni Ahmet daýzasy Gültäçlere myhmançylyga baranda Gültäç daýza Ahmede:,,Sen gaty horlanypsyň bozuk aýallaryň ýanyna baryp zyna iş etýän bolaýma” diýipdir. Ahmet özüniň beýle işleri etmeýänligini daýzasyna näçe düşündirjek bolsa-da düşünmändir. Ahmet gaharyna:,,Hawa daýza men seýle iş etýän” diýenini özi hem bilmän galypdyr. Soňra Ahmet daýzasynyň şerbetli geplerini diňläp gaýtmak bilen bolupdyr…
…Şol wakadan üç gün soň Ahmet iş sapary bilen şähere gidende Ahmediň ejesi we daýzalary doglan gün sebäpli mamalaryna ýygnanyşypdyrlar.Şol ýerde Ahmetli gürrüň ýüze çykanda Gültäç daýza ýegeniniň bozuk aýallaryň ýanyna baryp zyna işleri bilen meşgullanýandygyny aýdyar. Ahmediň mamasy hem birnäçe gün öň gije Ahmediň,öýlerinde ýatyp galan dosty Döwranyň ejesi Gülsenem gelnejä jaň edýär. Gülsenem gelneje hem ogly Döwranyň daşary ýurda okuwa gidendigini,bir ýyl bäri özleriniň hem görmeýändiklerini aýtýarlar.
Bu zatlaryň üstüne hem Züleýha daýzanyň gelini Ogultuwak ýaraman sagaldyş öýünde ýatyrka yzyndan aýal doganlary Göwher bilen Enegüliň gelendigini, gelenlerinde hem häzirki wagtda Gülleriň Ahmediň işleýän ýerinde işleýändigini, olaryň şäherde kireýine jaý alyp ýaşaşyp ýörendikleri barada ýalan maglumaty çyn edip kabul edendigini aydypdyr…
Şol gün Ahmet iş otagynda iş resminamalaryny işläp durka ejesinden gelen jaňa jogap bermeli bolupdyr. Ahmet jaňy alanda ejesi Sapargül daýzasynyň jaň etjekdigini,jaň gelende telefonynyň ýanynda bolmalydygyny aýdypdyr. Pursatdan ýarym sagat töweregi soň Ahmede daýzasyndan jaň gelýär.Ahmet jaňy alýar we daýzasyndan edilen gürrüňleriň baryny eşitýär. Daýzasy Ahmede:,,Şeýle zatlary ýene bir gezek eşitsem gatnaşmaryn, öýümize-de eltmerin”- diýip gygyrypdyr. Ahmet bolýan zatlara pikirlenip ahyr belli netijä gelipdir. Ahmet Güllere üç günläp jaň etmändir. Her sagadyny Ahmet bilen dem alýan Güllere munuň jaň etmeýäni agyr degipdir. Ahmet Güllerden gelen jaňa hem sms-e jogap bermändir. Üçülenji gün diýlende Ahmet jaňy alyp Güllere gaýdyp hiç kim bilen gürleşmejegini aýdypdyr. Güller Ahmetden: ,,Hiç kimiň içinde menem barmy?”- diýip sorapdyr. Ahmet: “Bolmanam senden başga hiç kim bilen gürleşemok saňa degişli” – diýipdir. Gyz aglamak bilen telefony goýupdyr.
Iki günden soň Ahmede Güllerden jaň gelýär we iň soňky gezek görüşmegi we käbir aýtmaly zatlarynyň bardygyny aýdypdyr. Ahmet teklibi kabul etýär.
Duşuşmaly ýere baranda Ahmet Gülleriň reňkiniň güller ýaly solanyna göz ýetiripdir.Güller Ahmede:,, Men bu ýere seni soňky gezek görmäne hem-de käbir zatlary aýtmana geldim. Men seniň bilen gürleşip başlanymda ejem şeý diýdi:,, Barybir seni Ahmede almazlar gyzym, sebäbi Züleýha daýzanyň gyzy Gültaji birwagtlar meniň ýüwürjime aljak boldular. Guda hem boldular. Toýa bir aý galanda gudaçylygy bozup başga gyz alyp berdiler. Şonda Gültäç kän aglapdy, senem aglanyň galar gyzym…” bu zatlary eşitsemem senden ýüz öwürmek islemedim şeýle-de men ýene bir zady aýdyp bilmän gezdim. Soňky pursat aýtmaly bolýan maňa seniň hossarlaryňdan biri:,,Sen Ahmede baryp ömrüňi köýdürme onuň ejesem, kakasam maýyp, sendenem şeýle çaga bolar” diýdi ýöne men şonda-da ,,Nesibämdäkini görerin” diýip senden geçmedim,sen bolsa ýalan geplere ynanyp bir pursadyň içinde menden geçdiň. Bagtly bol başga aýdara sözüm ýok” diýip gaýdypdyr…
Isa Artykow,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutyň 5-nji ýyl talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!