BIZNES

“Commerzbank”: Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýanyň “Commerzbankynyň” şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn gepleşiklere Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, GFR-iň we umuman, Ýewropanyň maliýe toparlarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça görülýän netijeli çärelere ýokary baha berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, serişdeleriniň mukdary boýunça ikinji orunda bolan Germaniýanyň bu bankynyň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan makroykdysady özgertmelerini hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara alyp, türkmen banklary bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropanyň iri bank konserniniň wekilleri tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen has-da üstünlikli öňe ilerlemegini gazanmak maksadynda “Commerzbankyň” däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdylar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy

Türkmenistanda täze gury ýük gämileri gurlar

Türkmenistanda milli el halyçylyk ulgamy ösdüriler

«Türkmengaz» döwlet konserni zerur bolan tehniki enjamlary satyn alar

Türkmen telekeçileri Gruziýanyň bazaryna çykýar

Ata Watan Eserleri