ATAWATAN ESERLERİ

Armanly söýgi

Ol ýyllar durmuşymdaky iň süýji ýatlamalardy… Birazjyk hem ýüregimi daglaýardy…

Meniň durmuşymyň manysyna öwrülen söýgim, nurana ýüzli Gözelimdi. Ol perişde ýaly sada, päkize, akýürekli perizatdy has dogrusy, ýüregimiň eýesidi. Onuň ýüzi meni maýyl edýärdi. Men onuň bilen talyplyk ýyllarymda tanşypdym. Ol synpyň iň göreldeli okuwçylaryndandy, ýöne men bolsa synpda hemişe pes ýetişik gazanýan okuwçylaryň arasyndadym. Hut şonuň üçin hem oňa söýgimi aýdyp bilmezdim.

Men maşgala durmuşym boýunça gowy gün-güzeranda ýaşapdym. Ýaşlyk ýyllarymda hem jogapkärçiligiň nämedigini bilmän ulaldym, meni hiç bir zat üçin gynamazdylar. Okuwymy hiç okaman diňe keselländen bolup okuwdan galardym. Ýaşaýan Güneşli, asuda günlerimden soň, meniň durmuşy hem tümlük, garaňky günler gaplap aldy. Duýdansyz gelen habar bilen ene-atamyň ulag heläkçiligi sebäpli aýrylandygyny öwrendim. Bu habar maňa uly zarba urdy, hossarsyz galdym. Gün-güzeranym bolsa gün geçdikçe agyrlaşdy, kakamyň rehimli garyndaşlarynyň kömegi bilen men instituta girip bilipdim.

Institutda durmuşymyň şöhlesi bolan Gözelim bilen garşylaşdym. Ol meniň ýaşamagym üçin ýeke-täk sebäp bolupdy. Ol bir demde hemmä özüni aldyrypdy, men bolsa mekdepde gowy okamanlygym üçin, birinji ýylymy juda kyn geçiripdim.

Gözelim garyp maşgaladan bolsa-da juda seýrek zehindi, oňa söýgüm gün-günden güýjeýärdi, emma onuň maňa garşy duýgularyny bilemokdym …Ýöne bir gün onuň hem mende göwnüniň bardygy hakynda  habar eşitdim. Tizden-tiz oňa duýgularymy aýtmak üçin jaýdar pursady yzlamaga başladym. Köp gezdim, ýöne ahyry oňa göwnümdäki duýgularymy aýtmak üçin ýanyna bardym:

-G-Gözel… –diýip, söze başlandan dilim tutuldy. Kirpikleri atyljak bolup duran oklary  ýatladýardy, hatda onuň gözlerini hem gizleýärdi.Nar ýaly gyzaryp duran ýaňaklary onuň haýa-şerimliliginiň nyşany…

Biz birsalym bile oturdyk we men oňa duýgularymy birin-birin gürrüň bermäge başladym. Ol birje söz hem sözlemän meni üns bilen diňledi. Soňra bolsa razylyk berýän şekilde sähelçeden başyny atyp, çaltlyk bilen meniň ýanymdan uzaklaşdy.

Biz şol günden soň köp görüşmäge başladyk , ol maňa “Kerim jan” diýip ýüzlenerdi, onuň ýekeje sözi hem meniň bar derdimi unutdyrýardy. Biz hemme kynçylyklary bile ýeňip geçýärdik , onuň kömegi bilen men sapaklarymda uly üstünliklere eýe boldum. Indi men hem göreldeli okuwçylaryň hataryna goşulypdym, muňa deň-duşlarym hem, öz ýerinde geňlemän durmandy.

Okuwlarymyzy ikimiz hem üstünlikli tamamladyk.Gözel iň gowy mekdepleriň birinde mugallym bolup işlemäge başlady, ýöne men okuwymy dowam etdirmek isledim we munuň üçin Arkadagymyzyň tagallasy bilen geçirilýän ýaryşlaryň birine gatnaşyp,ýeniş gazandym. Bu ýaryşda ýeňiş gazananlara Germaniýa döwletinde bilimiňi artdyrmak üçin mümkinçilik berlipdi. Bu meniň geljegim üçin uly mümkinçilik boldy we men öz eziz ýarym Gözel bilen hoşlaşyp özge ýurtlara rowana boldum.

…Iki ýyldan men yzyma dolandym, ýöne näçe yzlasamda  öz ýarymy, Gözelimi hiç ýerden tapyp bilmedim. Bu ýagdaý meniň dünýämi başyma ýykdy,ýüregimde uly harasat gopdy. Onuň maşgalasynyň bir sebäbe görä bu ýerlerden göçüp gidendigini öwrendim, näçe yzlasamda  olaryň nirä gidendigini tapyp bilmedim,ýöne il içindäki gürrüňlerden men gidensoň, Gözelimi mejburlyk bilen durmuşa çykarandyklaryny öwrendim. Şondan soň men diňe bir zadyň:Gözelimiň nurana ýüzüni görmegiň hyýalynda gezdim…

…Bu wakalardan 7 ýyl geçdi. Men öz hünärim bolan hirurgiýa käri boýunça professorlyk derejä ýetdim. Ähli ýerlerde meniň adym:”Professor Kerim Nuryýew ” diýlip hormat bilen tutuldy.  Öz kärime bolan söýgim,meniň kalbymy biraz hem bolsa ynjaldýardy.

…Her günki ýaly işli günleriň birinde  gapydan bir gelin  elinde ýaşajyk ogly bilen gapydan girdi. Ol gaty aljyrraňňy ýagdaýda oglunyň hassalygyny gürrüň bermäge başlady… Birden bu tanyş sesli gelin bilen nazarlarymyz kaklyşdy we ýene-de ol süýji arzuwlar hakydalarda janlanyp, her ikimiziň hem gözleri dolupdy…

                                Arzuw Salyhowa,

Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen

26-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri