ATAWATAN ESERLERİ

“Söýgi”

“Söýgi” bu söz bir sözden ybarat hem bolsa onuň ynsan bilen edýän ykbal öwrümleri, ýakýan ataşlary bäş harpyň şeýle ynsany güýçsiz, erksiz edýän sözlem ýasaýar. Her gezek sögi sözüni okamda daýzamyň aýdyp beren bir hekaýaty ýadyma düşýär.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarydy. Tejen etrabynda Ogulbagt bilen Merdanyň toýy urşuň iň gyzgalaňly döwrüne gabat gelipdi. Ertir toý diýlen güni Merdana urşa gitmek barada çakylyk geldi. Çakylykda ertir gündiz sagat 3-de oba arçynlygynyň agzynda hemme çakylyk alan oglanlar jemlenmelidi. Şol ýerden demir ýol menzilinden urşa ugramalydy. Ertesi kejebä mündirilip, Ogulbagt Merdanyň törüne getirildi. Merdanyň gitmeli wagty golaýlapdy. Ýaňy söýgülisini törüne geçiren Merdan Ogulbagtyň mährinden ganmaga wagt bolmady. Törüne geçen gelnine  ädigini çykardyp, guşagy çözdürmäge ýetişdi. Öýle boldy obada gaý-gaýmalaşyk başlandy. Çakylyk alan oglanlary oba komissarýatlary arçynlyga jemläp başlapdylar. Merdan Ogulbagta öz ene-atasyna gowy seretmegini, özüniň gaýdyp geljekdigini wada edip öz gelniniň didaryndan ganmak nesip etmän, diňe gara gözüne esli wagt seredip öýden çykyp şol gidişi bolupdy. Ertesi Ogulbagt turdy-da sülmüräp oturmagyň döwri däldigine düşündi. Onuň iň uly aladasy dyzyna düşüp duran nogta gara saçlaryny öňüne atyp gyzlyk döwri ýaly gezmelimi ýa-da gelinler ýaly yzyna oklap gyňanç daňynmalymy. Ol köp pikir etdi-de başyna tahýasyny geýdi gara nogta saçlaryny şol tahýa orady üstünden gyňaç daňyndy-da öý işleri bilen goňşy gyz-gelinleri bilen kolhoza kömek berip başlady. Ogulbagt gaýnydyr gaýynatasyna öz gyzlary ýaly hyzmat edýärdi. Ogulbagtyň gaýynenesi agyr keselläp aradan çykdy. Bu agyr ýitgi Ogulbagty öňküsinden hasam agyr güne sataşdyrdy. Bu wakadan bir näçe aý geçensoň gaýynatasam aradan çykdy. Indi bu öýde Ogulbagtyň ýeke özi galdy. Merdanlaň goňşysy Sähet aga üç agtygy bilen ýaşaýardy. Onuň ogly uruşda wepat bolupdy, gelni bilen aýaly ýogalypdy. Sähet aga Ogulbagta hem hossar çykypdy. Indi iki goňşy bir maşgala öwrülip, bir-birege kömek edýärdiler. Günlerde bir gün Sähet aga hem aradan çykdy. Indi bu ýetim çagalar Ogulbagtyň gerdeninde galdy. Ogulbagt bu çagalara ene hem uýa boldy. Uruş gutardy, aman galanlar geldi. Emma Merdandan hiç hili habar bolmady. Ogulbagt köp gözleg ideg edip, Merdanyň urşa giden gününden bir ýyl geçen soň wepat bolandygyny bildi. Şonda-da Ogulbagt umydyny üzmedi geler diýen umyt bilen ýaşady. Bu goňşy çagalar ulalyp öýli işikli boldylar, olaryň çagalary Ogulbagta ene diýýärdiler. Günlerde bir gün saçyny daramak üçin gyňanjyny aýyryp tahýa oralan şol gara saçlarynyň çalaryp tylla öwüşgüne çaýylanşyna seredip gözünden bir damja ýaş akdy. Şol tahýa oralan gara nogta saçlaryň şol tahýada oralyp çalarar diýip pikir edmändi. Bir gün Merdan gelip bagtly durmuşda ýaşap, ogul-gyzlaryna guwanaryn diýip umytda ýaşapdy. Ykbal Ogulbagta öz perzentlerine guwandyrmasa-da goňşy ýetim çagalara hossar çykardy. Goňşy çagalara eje olaryň çagalaryna ene boldy. Merdanyň ojagyny ölýänçä saklady. Bu dünýeden hoşlaşanda şol tahýa oralan nogta çal saçlary çözüldi. ‘Gül tahýada çalaran nogta gara saçlaryň” ykbaly şeýle tamamlanypdyr.

Söýgi hakda söz açylanda hemişe bu waka göz öňümde janlanýar. Şeýle mert enelerimiz bize nusga bolup durýar. Öz ojagyna wepaly enelerimiz türkmen taryhynda müdimilik ýaşaýar. Şeýle ajy ykbaly, taryhy ýazýan “Söýgidir”. Bu sözüň gudratam bar sönmejek ataşam bar.

 

                 Gurbangözel Orazowa,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri