DÜNÝÄ

Dünýäniň ilatynyň näçe göterimi onlaýn işleýär?

Mediýa gözegçilik gullugy “Ajans Press” internet bilen baglanyşykly metbugatda habarlaryň mukdaryny kesgitledi. “Ajans Press” tarapyndan sanly metbugat arhiwinden düzülen maglumata görä, şu ýyl metbugatda 120 müň 782 täzelik çap edilipdir. Ykjam telefon interneti bilen baglanyşykly habarlaryň sany yzygiderli artýan he bolsa, jemgyýetçilik ulgamlarda çap edilen habarlaryň sany  152 müň 326-a ýetdi.

Bütin dünýäde 4,5 milliarddan gowrak adamyň interneti ulanýandygy, şeýle hem jemgyýetçilik media ulanyjylarynyň sanynyň 3,8 milliarddan geçýändigi hasaba alyndy. Bu bolsa dünýä ilatynyň takmynan 60% göteriminiň onlaýn işleýändigini habar berýär. Tutuş dünýäde 5,19 milliarddan gowrak adamyň ykjam telefonyny ulanýandygy mälim edilse-de, bu görkeziji ýylsaýyn artýandygyny hem belläp geçmeli.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Related posts

Türkiýe hem Aýa barýar

Ata Watan Eserleri

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow Aşgabada geldi

Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşini doglan güni bilen gutlady