hekaýa
Surat sergisi… Ähli adamlar gezmeleşip satuwa çykarylan suratlary synlaýardylar. Olaryň arasynda daşary ýurtlular hem bardy. Muny olaryň geýimi, daşky görnüşi we başga dilde gürleýişleri aýdyp durdy. Megerem, suratlaryň örän kämilliginden bolsa gerek, adam gaty köpdi. Şol bir surata hatda 6-7 sany hyrydar tapylýardy. Şeýle ýagdaýda başgaça dünýäli ynsan–suratkeş bir gezek çekenini ýene 4-5 ýola çekmeli bolýardy.
Ynha-da bir iňlis aýal bir surata uzak wagtlap nazaryny dikip durdy. Soňra ony satyn alýandygyny aýtdy. Ol suratda at ýokdy, atsyzdy. Şu hem alyjyny onuň ýöne-möne surat däldigine ýene bir gezek ynandyrdy. Onuň söwdasyndan göwni hoş boldy.
Ine, suratkeş zenanyň bütin ykbalyny siňdirip çeken suraty hem gitdi. Göräýmäge ol surat ýönekeý bir suratdy. Onda diňe başy gara örtükli, maňlaýy gasyn atan bir zenanyň ýüzi janlandyrylandy. Ýumuk gözlerinden bolsa derýa ýaly gözýaşlary akyp durdy. Ol gözýaşlarda tebigatyň ähli reňkleri jemlenendi. Megerem, suratkeş açyk reňkleri–bagtly günleriniň, goýy, tukat, ýürekgysdyryjy reňkleri bolsa–ykbal atynyň büdrän günleriniň, netijede ýarawsyz atyň üstünde durmuş ýolunyň kösenip geçen böleginiň alamaty hökmünde ulanandyr?! Bolup biler. Sungat durşuna syr. Awtor bu suratda ýörän ýodasynyň her bir öwrümini, beýleki adamlaryň ýoly bilen kesişen ýerlerini, käbirleri bilen bir ugra giden aralyklaryny, çakanak-çukanaklaryny, tümlükleri ýekän-ýekän yzarlap ony her bir çotkanyň hereketi bilen utgaşdyrypdy. Soňra ol suratyň döremegine sebäp bolan wakalary hyýalynda başdan-aýak özüne gürrüň bermäge durdy:
…Ol günler ýetginjekdigime garamazdan, sungat atly jadyly dünýäniň meni gurşap alyp, hakyky durmuşdan–daş-töweregimden çäklendirip güýjäp başlan döwürleridi. Hamala içimde edil bomba bar ýalydy. Ol meniň içime syganokdy. Ýarylaýsa bütin ýer şaryna ýaýrap gitjekdi. Ahyry men şol bombanyň ýarylanda dünýä ýaýrajak bölejiklerini surat görnüşinde ýaýratmaly diýen netijä geldim. Gije-gündiz aňymda, hyýalymda täsin duýgular at salyp ýörýärdi. Durmuşyň çynlakaý aladalary meni düýbünden gyzyklandyranokdy. Gün-günden suratlarymyň sany artýardy. Ine, şol günlerde hem mekdepdeş bir oglan maňa öz söýgüsini bildirdi. Meniň muňa gaharym geldi. Edil ol meni söýgüli, jadyly sungat ummanymdan sogrup alyp, durmuş ummanyna taşlamaga synanyşýan ýalydy. Men oňa närazylyk bildirdim. Okuwçy döwürlerim şahsy el telefonumyň bolmandygy üçin ol maňa joramdan habar ýollaýardy, mekdepde, ýolda otly bakyşlary bilen sözleýärdi, öýümiziň töwereginden kän geçýärdi, men oňa diňe ters jogap berýärdim. Şeýdip 3 ýyl geçdi. Okuwy tamamladyk. Men öz suratkeşlik ugrumdan, ol hem öz ugrundan ýokary okuw mekdebine girdik. Soňra ol meniň telefon belgimi tapyp, maňa günde sms arkaly owadan sözler bilen duýgularyny beýan edýärdi.(Onuň şahyrçylykdan hem başy çykýardy.) Öz ýagdaýyny düşündirmäge çalşyp, meniň hem özüne düşünmegimi haýyş edýärdi. Men olaryň hiç birine hem jogap beremokdym. Üns bermesem özi ýitip gider öýdýärdim. Sebäbi öňkiler şeýle bolupdy. Ýöne bu beýle däl. Goýanok. Men oňa bu edip ýören işiniň peýdasyz boljakdygyny, biderek öz wagtyny ýitirip ýörendigini aýdyp, düşünişmäge çalyşdym. Ol bolsa öz arzuwyna ýetmek üçin soňuna çenli göreşjekdigini aýtdy. Men muňa gaharlandym. Ol näme üçin aýdylan söze düşünenok? Şunça göwnedegişlik edip, özüme duşman gazanmajak boldum. Bolmady. Ýakyn joralarym:,,Özüň närazy bolsaň, jogabyny beren bolsaň beýdip, oglana nebsiňi agyrdyp, göwnüni ýykmajak bolup ýörme. Gaýdyp adyňy tutmaz ýaly etsene şony” diýýärdiler. Ahyry men oňa soňky sözlerimi diýdim. Ol boş sözleri bilen başga gyzlary aldamaklygyny, ertekisini beýlekilere otarmaklygyny aýdyp, duýgularynyň üstünden güldüm. Men muny günüme goýmagynyň hatyrasyna mejbury etmeli boldum. Çünki duýgylarynyň, arzuwlarynyň üstünden gülünmeginiň ynsan ýüregini ýaralaýandygyny bilýärdim. Ýogsa men sungata, gözellige düşünmeýän, estetiki duýgusyz, doňýürek adam däldim ahyry. Onuň hatlary bolsa durşuna söz sungatydy. Ýöne men hiç kimi söýüp bilemokdym. Meniň öz jadyly dünýäm bolsa şol ýeterlikdi. Başga zatlar meniň gözüme görnenokdy. Şondan soň ol menden gaty gören bolmaga çemeli, gaýdyp jaňam etmedi, sms hem ýazmady. Ýitip gitdi. Menem öz dünýämde galdym, öz ýolum bilen boldum. Kalbymdan önýän eserlerimiň sany bolsa barha köpelýärdi.
Kän ýyllar geçdi. Soňabaka ejem dagy meniň indi durmuş gurmaga ýaşymyň ýetendigini ýaňzydyp başladylar. Men bolsa muny islämokdym. Çünki sungat, jadyly duýgularym menden erkin, özbaşdak, hiç zada garaşsyz bolmagymy talap edýärdi. Hatda şonuň üçin men döwlet işine girmekden hem ýüz öwrüpdim. Men öz sungatym bilen ýaşaýardym. Ýöne eje eje bolýar-da. Ahyry şonuň diýeni bilen durmuş gurmaly boldum. Men maşgala meselesine hem örän sowuksaladym. Soňam… Biziň perzendimiz bolmady…
Il arasynda şeýle gürrüň bardy: bir gyz hakyky söýgä söýgi bilen jogap bermese ony şol ýigidiň yhlasy, höwesi tutýarmyş. Men bu betbagtlygymy şol birmahalky maňa 5 ýyl yhlas eden ýigidiň söýgüsinden görjegimem bilmedim. Ýa-da ,,Eli u:zyň maňlaýy duz” diýlenimikä?!
Soňra men müdimilik atam öýüne gaýtdym. Galan ömrümiň her bir minudyny jadyly senedime bagyş etdim. Şeýlelikde meniň ömrüm tüýs sungata bagyşlanan ömür boldy…
Birdenkä bir alyjynyň berýän sowaly onuň ünsüni böldi…
Ol bu gün öýüne baransoň şol suraty gaýtadan çeker we ony hemişelik özünde aýap saklar…
GÜLŞAT JORAÝEWA.
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy