TEHNOLOGIÝA

Elektrik we sürüjisiz ýük awtoulaglaryny tanyşdyrdy

Hytaýyň Döwlet eýeçiligindäki “First Automotive Works” (FAW Jiefang) ýük awtoulag öndüriji kompaniýasy sürüjisiz agyr ýük awtoulaglaryny görkezdi. Kompaniýa täze sürüjisiz “L3”, “L4” we “J7” agyr ýük awtoulaglaryny hödürledi.

“FAW” kompaniýasy Amerikanyň emeli aň kompaniýasy bolan “PlusAI” tarapyndan işlenip düzülen “L3” sürüjisiz ýük awtoulag modeliniň 2023-nji ýylda täjirçilik taýdan ulanylmagyna garaşylýan “L4” modeliniň esasyny düzjekdigi mälim etdi. “L4” has ýokary derejede awtomatlaşdyrylan model bolup, adatça sürüjiniň gözegçiligini talap etmeýär.

Kompaniýanyň “J7” modeli ýedi kamerany, bäş millimetr tolkun radary we yşyklandyrylan radary, şeýle hem awtopilot ulgamyny özünde jemlär. Awtomatiki usulda geçmek, zolagyň üýtgemegi, ýoluň ortaça tizligi, we päsgelçiliklerden gaça durmak ýaly birnäçe aýratynlyklary bar.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

“Ericsson”: 6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty