DÜNÝÄ

Bill Geýtsiň kakasy aradan çykdy

ABŞ-da ýerleşýän dünýä belli “Microsoft” tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň kakasy 94 ýaşynda aradan çykdy. Maşgala tarapyndan berlen beýanatda, 94 ýaşly Uilýam Genri Geýts ABŞ-nyň Waşington şäherindäki tomusky öýünde duşenbe güni aradan çykandygy aýdylýar.

Genri Geýtsiň maşgalasy bu agyr ýitgini yglan edeninde, gynanç bilen: “Ol özüni sosial we ykdysady deňlige bagyşlapdy” – diýdiler.

Bill Geýts kakasy ölenden soň: “Kakamyň zehini, sahylygy, duýgudaşlygy we kiçigöwünliligi dünýäniň köp adamyna täsir edipdi” – diýdi.

Uilýam Henry Geýts II, 1998-nji ýylda hukukçy hünäri boýunça pensiýa çykandan soň, dünýä saglyk meseleleri boýunça birnäçe gözleg geçirdi.

Uilýam Genri Geýts 1925-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-yna dünýä inýär. Genri Geýts 30 ýaşyna dünýäde uly meşhurlyk gazanan ogly Bill Geýts 1955-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda dünýä inýär.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy