MEDENIÝET

Berdinazar Hudaýnazarowyň ömri we döredijiligi

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow (1927-2001) 1927-nji ýylda Ruhabat etrabynyň (ozalky Ýerbent etraby) Düwünli guýusynda (obasynda) çarwa maşgalasynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi şol ýerde alýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňýanynda Ýerbent çarwaçylyk etraby Amyderýa boýuna göçürilende ýazyjynyň maşgalasy hem şol ýere göçýär. Berdinazar 6-njy klasda okap ýörkä, Beýik Watançylyk urşy başlanýar we ýaşajyk Berdinazar okuwynyň daşyndan zähmet çekmeli bolýar, kolhozda tabelçi bolup işleýär. Onuň ilkinji goşgulary 1943 — 1944-nji ýyllarda raýon gazetinde çap edilip ugraýar. 1946-njy ýylda Berdinazary ozalky Kerki oblastynyň “Täze ýol” gazetine edebi işgärlik wezipesine çagyrýarlar. Soňra Kerki etrabynyň “Pagtaçylyk sesi” gazetine işe geçirilýär. B.Hudaýnazarow 1950-nji ýyldan “Sowet Türkmenistany” (häzirki “Türkmenistan”) gazetine işe alynýar. Soňra Garagum kanalynyň gurluşygyna işlemäge gidýär we şol ýerde “Gyzgyn sähra” poemasyny döredýär. Poema “Ýaş kommunist” (häzirki “Watan” ) gazetinde çap edilýär. B.Hudaýnazarow 1957-nji ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna saýlanýar. Ol dürli ýyllarda “Edebiýat we sungat” gazetiniň, “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň redaksiýalarynda işleýär.

  1. Hudaýnazarow 1957-nji  ýylda  Moskwanyň  M.Gor­kiý  adyndaky  Edebiýat  institutyndaky  Ýokary  edebiýat kursuna okuwa iberilýär. Moskwada Edebiýat institutynda ol  Mihail  Swetlow,  Ýaroslaw  Smelýakow  ýaly  meşhur  rus şahyrlaryndan  tälim  alýar.  Ol ýerde okaýan döwründe şahyryň «Gyzgyn sähra» poemasy Moskwada rus dilinde neşir edilýär.
  2. Hudaýnazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanyldy, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň başlygy wezipesinde işledi.

  B.Hudaýnazarowyň döredijilik ýoly, esasan, 1950-nji ýyllardan başlanýar.   

  Şahyryň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlap, şeýle-de zähmet temasynda döreden ilkinji şygyrlary: “Ýeňiş gününiň ýatlamasy” (1943”), “Watan hakynda söz”(1947), “Komsomol goşgusy”(1949), “Gyrkymda” (1950), “Alataw” (1953), “Altyn atyz” (1954), “Sibir goşgulary” atly şygyrlar tapgyry: (“Lena ýatlamasy”, “Watan mähri”, “Nawlar akýar”, “Taýga ertiri”, “Ob derýasynyň köprüsi”); “Aýjemal”, “Gyzjagazyň daýysy”, “Triptih”, “Ýaşytdaşa”, “Daňatar”, “Saklan, öňde çaga bar”, “Atom”, “Gündogar”, “Dokuzynjy maý”, “Aýkisi Kuboýama hakynda ballada”… we beýleki goşgulary.

 Şahyryň Garagum sährasyna bagyşlanan şygyrlary: “Gahrymanlar”, “Bagermeýster” (1955), “Gumly gözel”, “Garagum”, “Garagum aýdymy”, “Çölde gönorta çagy”, “Sähra bahar gelende”…we beýleki goşgulary.

Söýgä bagyşlanan şygyrlary: “Ýok, men gurban bolman”, “Söýgi”, “Söýgi hakynda”, “Men söýgä hiç haçan ýüzleý bakmandym”, “Söýgi mukamy”, “Läläm”, “Aşyklara”…we beýleki goşgular.

  Şahyryň poemalary: “Gyzgyn sähra”, “Döwrüň depesindäki Adam”, “Ýerbent”, “Sähram meniň, sähram meniň”, “Ýaşlyk biziň bilendir”, “Maşgala”, “Ýol lirikasy”, “Russiýa”, “Çagalar öýünde oýlanmak”.

Ýazyjynyň powestleri: “Göreş meýdany”, “Yzçynyň gözleri”, “Haşar”, “Goňşular”, “Argyş”.

Ýazyjynyň romanlary: “Gumlular” romany TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar (1971). “Akar suwuň aýdymy” (1978), “Ynsabyň yzasy”, “Garaçägäniň ogullary”.

Şahyryň kitaplary: “Döwrüň depesindäki Adam” (1967), “Buýsançly baş” (1975) atly ýygyndyda: (“Perzent”, “Wesýet”, “Ata we ogullar”, “Syýahat” ýaly liriki poemalar, “Hakyda” atly şygyrlar topary) ýerleşdirilipdir; “Ene süýdi”; “Yzçynyň gözleri” (1980) atly kitaba: (“Yzçynyň gözleri”, “Haşar”, “Argyş”, “Goňşular”, “Amanşa Allaýarowyň ýekşenbe gijesi”, “Garamätnyýaz ýolunyň kyssasy” ýaly powestleri) girizildi);

 Ýazyjynyň drama eserleri: “Synag ýoly” (1974), “Baharyň demi” (1975), “Gaýduwsyzlar” (1976), “Haşar hakynda ballada” (1978) atly dramalary teatrlarda sahnalaşdyryldy.

 Ýazyjynyň terjimeleri: Ol Aleksandr Twardowskiniň, Resul Gamzatowyň we beýleki şahyrlaryň ençeme eserlerini türkmen dili­ne terjime etdi. Ýazyjynyň öz eserleri Moskwa neşirýatlarynda rus dilinde we doganlyk halklaryň dilinde çap edildi.

Şahyr, ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiliginiň esasy bölegini Watan mukaddesligini, il-gün bagtyýarlygyny, mukaddes söýgini, bagtyýar durmuşy belent äheňde wasp edýän şygyrlary aýratyn orun tutýar. Ol şygyrlaryň birnäçesi ajaýyp aýdymlara öwrüldi.

 

  Peýdalanylan çeşmeler: Türkmen edebiýatynyň taryhy, VI tom, 1-nji kitap. Aşgabat. Ylym, 1982.

 Türkmen edebiýaty. Aşgabat. TDNG, 2010.

 

Taýýarlan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Siz şeýle hem şu ýerde türkmen edebýatynyň görnükli wekilleri makalalary okap bilersiňiz

Ata Atajanowyň ömri we döredijiligi

 

 

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler