SPORT

Emre futbol bilen hoşlaşdy

Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň ýarymgoragçysy Emre Belezoglu futbol karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Türk toparynyň ýarymgoragçysy 39 ýaşynda.

– Emre sag bolsun aýdýarys. Ol “Fenerbahçe” janköýerleriniň hemmesi üçin beýik futbolçy. Beýik kapitan, hemme zat üçin sag bol! -diýip “Fenerbahçe” topary tarapyndan berlen beýanatda bellenilip geçilýär.

Türkiýäniň milli ýygyndysynyň hem futbolçysy bolan Emre Belezoglu “Inter”, “Nýukasl” we “Atletiko” toparlarynda oýnady. “Fenerbahçe” we “Galatasaraý” bilen alty gezek Türkiýe çempionatynda ýeňiji boldy. 2000-nji ýylda iň soňky topary bilen UEFA kubogyny gazandy.

2002-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Belezoglu türk milli ýygyndysy bilen üçünji orny eýeledi.

Related posts

Holand 5 gol bilen 54 ýyllyk rekordy täzeledi

Çempionlar ligasy: “PSŽ” “Realy” ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Iň az pökgi geçirden derwezeban