Covid-19: Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşýar. Ynsanperwerlik nusgalaryň tarapdary bolan Türkmenistan ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek wesýetlerine eýerip, elmydama beýleki döwletlere, hususan-da doganlyk goňşy halklara özüniň kömegini bermäge taýýardyr.

Ynsanperwer häsiýetli nobatdaky ählitaraplaýyn kömegini bermek arkaly doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine wajyp goşant goşmak bilen, bu ynsanperwerlik resminama dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk dessurlarynyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy.

Related posts

Gözel Hummaýewa:halypa balerina 80 ýaşady

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Juwanlyk joşguny

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady

Lula da Silwa täzeden Braziliýanyň prezidentligine saýlandy

“El-Klasiko”: “Real Madrid” myhmançylykda “Barselonany” ýeňdi

Akgaýa – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» boldy

Arkadag şäherinde açylan döwründen bäri 50 müň düýp bag ekildi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynda iş saparynda bolar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Täjigistan nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Azerbaýjanda FIFA U-15 dünýä çempionaty we futbol festiwaly badalga aldy

11 ýaşly gyz halkara küşt ussady boldy we 38 ýyllyk rekordy täzeledi

Tramp ABŞ Kongresiniň saýlawlarynda ses berdi

NVIDIA kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Gazagystan Ýewropanyň emeli aň merkezine öwrülip biler

Bir aýda 5 milliona golaý gezek okaldyk!

Türkmenistan migrasiýa we serhet gözegçiligi ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Gutlag iberdi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa sapary

Türkmenistanyň bilim ministri Özbegistanyň bilim we ylym ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň bilim ministri Täjigistanyň bilim we ylym ministri bilen duşuşdy