Covid-19: Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşýar. Ynsanperwerlik nusgalaryň tarapdary bolan Türkmenistan ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek wesýetlerine eýerip, elmydama beýleki döwletlere, hususan-da doganlyk goňşy halklara özüniň kömegini bermäge taýýardyr.

Ynsanperwer häsiýetli nobatdaky ählitaraplaýyn kömegini bermek arkaly doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine wajyp goşant goşmak bilen, bu ynsanperwerlik resminama dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk dessurlarynyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy.

Related posts

Gazagystanda Gurultaý üçin saýlawlar geçirilýär

“Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogyny 12-nji gezek eýeledi

Pekinde II Bütündünýä robotlar bäsleşigi badalga aldy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atçylyk diplomatiýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyk işler bilen tanyşdy

Aşgabadyň demirgazyk künjeginde saglyk şäherçesi dörediler

Ýaş türkmen küştçüleriniň halkara ýeňşi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS» kompaniýasy ähtnama gol çekdi

22-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

21-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýa 2042-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek isleýär

Alp Arslan Begenjow Slowakiýada bürünç medal gazandy

Alekseý Batrakow «Galatasaraýyň» taryhyndaky ilkinji rus futbolçysy boldy

Anzan mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Türkmenistan we PETRONAS nebitgaz bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

7 aýda Türkmenistan bilen Gazagystanyň 2,6 million tonnadan gowrak nebiti Baku – Tbilisi – Jeýhan arkaly geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldinýo 46 ýaşynda uly futbola dolandy

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz raýatlary Hytaýa 10 güne çenli wizasyz girip bilerler

Aşgabat GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisini geçirmäge taýýarlanýar