SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Minutda 100 örtük öndürer

Şu günler Türkmenistanyň dokma kärhanalary azgy-burun örtükleriniň önümçiligini barha giňeldýärler. Bu depgine Aşgabadyň lukmançylyk we kosmetika pamyklaryny öndürýän kärhanasy hem goşular.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu kärhana ýakynda bir gezek ulanylýan lukmançylyk örtüklerini öndürip başlamakçy. Önümçiligiň kuwwatynyň her minutda 100 örtüge çenli ýetjekdigi aýdylýar. Bu bolsa kärhanada her gün on müňlerçe örtügiň öndüriljekdigini görkezýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanda bir gezeklik lukmançylyk örtükleriniň sany ep-esli köpeler. Aglabasy ýurduň dermanhanalarynda satylýan örtügiň bu görnüşini iki sagatdan köp ulanmak maslahat berilmeýär.

Related posts

Aşgabat-Stambul-Türkmenbaşy ugruna ilkinji adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar

Ata Watan Eserleri

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ata Watan Eserleri

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkiýäniñ syýahatçylyk pudagynda ýeten sepgitleri

Ata Watan Eserleri