SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Kazan ugurly uçar gatnawy barada

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji iýunda ýola goýulmagy meýilleşdirýän Kazan ugurly yzygiderli uçar gatnawlary barada beýanat ýerleşdirildi. Şol beýanatda Russiýanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölüminiň bu gatnawlaryň guramaçylygyna gatnaşmaýandygy mälim edildi.

Ýolagçylaryň çykmak üçin Türkmenistanyň degişli edaralary bilen ylalaşýarlar we awiapetekleri özbaşdak satyn alýarlar.

Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar şol gatnawlar bilen Russiýa gitmek isleýän bolsalar, kesgitlenen tertipde Russiýa girmek üçin hökmany suratda wiza resmileşdirmelidir. Bu barada has giňişleýin maglumat Russiýanyň ilçihanasynyň saýtynyň wiza bölüminde ýerleşdirilendir.

1-nji, 8-nji, 15-nji we 22-nji iýun senelerinde Kazana uçýan adamlar esasnama esasynda öňünden nobata durman wiza resmileşdirmek üçin resminamalary tabşyryp bilýär. Bu adamlara diňe çatlandyrylan wiza resmileşdirilýär.

Zerur bolan resminamalar bilen bir hatarda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň şol senelerdäki uçar gatnawy üçin satyn alnan awiapetek hem hökmany surata Konsullyk bölümine görkezilmelidir.

BSGG-niň baş direktory ikinji möhlete saýlandy

Related posts

Kiýew-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri

BSGG-dan Hindistanyň “Covid-19” sanjymyna tassyknama

12 aýda 500 müň doza sanjym öndürer

Ata Watan Eserleri