SPORT

Ruslan Mingazow täze topara geçdi

Pawlador şäheriniň «Irtyşynyň» maddy kynçylyklary sebäpli, ýakynda toparsyz galan milli ýygyndymyzyň 28 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gazagystanyň ýene bir topary bilen şertnama baglaşdy. Has takygy, Karaganda şäheriniň «Şahtýor» futbol topary öz resmi saýtynda türkmenistanly futbolçynyň düzüme goşulandygyny habar berdi.

«Transfermarkt» nemes portaly tarapyndan iň gymmat bahaly türkmenistanly futbolçy hökmünde görkezilýän Ruslan Mingazow täze toparyna erkin agent hökmünde geçdi. Has takygy, «Şahtýor» oýunçyny düzümine goşmak üçin onuň diňe özi bilen ylalaşdy, hiç bir topara pul tölemedi.

Gol çekilişik dabarasyndan soňra oýunçynyň özüniň hem aýdyşy ýaly, «Şahtýor» ― olaryň maşgalasy üçin nätanyş topar däl. Çünki Ruslanyň kakasy Kamil Mingazow hem 2001-nji ýylda bu toparyň düzüminde çykyş edipdi.

Üç duşuşykda 6 utuk toplan «Şahtýor» häzir ýurduň çempionatynyň dördünji basgançagynda barýar. Pandemiýa sebäpli çempionata wagtlaýyn arakesme berildi.

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi