JEMGYÝET

«Johnson & Johnsondan» ägirt uly sahylyk

Lukmançylyk önümlerini öndürýän iri kompaniýalaryň biri bolan «Johnson & Johnson» ABŞ-nyň hökümeti bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, kompaniýa waksina taýýarlamak we satyn almak üçin hökümete maddy ýardam berer.

Has takygy, kompaniýa 100 million ölçegdäki waksina üçin ABŞ hökümetine 1 milliard dollardan gowrak serişdäni bagyşlamakçy.

Ýeri gelende aýtsak, ýurduň beýlki iri kompaniýalary hem bu herekete goşulýar. Ýöne lukmançylyk önümlerini öndürýän kompaniýa ýaly elini açanlar az-az.

«Barrons» neşiriniň ýazmagyna görä, waksinanyň bir ölçeginiň bahasy ortaça 10 dollar bolmagy mümkin.

Related posts

140 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary başlandy

Türkmenistanyň Owganystandaky maýa goýumlary 1.5 milliarddan geçdi