SPORT

“Seria A” tamamlandy: 1154 gol geçirildi

Italiýanyň “Seria A” mili futbol çempionaty koronawirus ýokanjy sebäpli yglan edilen arakesmeden soňra täzeden başlap, 38-nji tapgyrdan soňra tamamlandy. 2019/2020-nji ýylyň möwsüminde ýurduň çempionatynda 1154 pökgi derwezeden geçirildi. Her bir duşuşyk üçin ortaça 3.04 pökgi derejesindäki bu görkeziji Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň arasynda iň gowy görkezijidir.

Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynda 1034 pökgi (her oýunda ortaça – 2.72) derwezeden geçirildi. Bu görkeziji Germaniýanyň “Bundesligasynda” 982-ä (her oýunda ortaça – 3.21), Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda bolsa 942-ä (her oýunda ortaça – 2.48) deň boldy.

Wagtyndan öň tamamlanan Fransiýanyň «Liga 1» çempionatynda bolsa 704 pökgi derwezeden geçirildi.

Italiýanyň “Seria A” mili futbol çempionatynda iň köp pökgi geçiren toparlar: “Atalanta” (98), “Inter” (81), “Lasio” (79), “Roma” (77) we “Ýuwentus” (76).

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

“Al-Nasr” Kingsli Koman bilen şertnama baglaşdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň zenanlar küşt ýygyndysy halkara reýtingde ilkinji 50-lige girdi

«PSŽ» ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

“Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasyna gatnaşar