SPORT

Türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatynda güýç synanyşýarlar

3-nji aprelde Lýuksemburgda başlaýan dünýä çempionatyna üçünji diwizionda «A» toparda çykyş etjek Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň hatarynda 20 türgen bar.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň aýtmagyna görä, milli ýygyndyda IIM-niň «Galkan» toparyndan 17 türgen, derwebanlaryň ikisem – Kerimli Çaryýew we Rahman Myradow, «Şir» toparyndan goragçy Öwezguly Esenow we hüjümçi Arslan Amanow, «Oguzhan» toparyndan bolsa goragçy Nikita Awdeýew çykyş ederler.

Lýuksemburga gidýän Türkmenistanyň wekiýetiniň düzümine 26 adam, resmi adamlaryň 6-sy, şol sanda tälimçiler we toparyň lukmanlary girýär.

Türkmenistanyň ýygyndysy BAE-niň ýygyndysy bilen ilkinji duşuşygyny geçirdiler. 5-nji aprelde ýurdumyzyň hokkeýçileri meýdança eýeleri – lýuksemburglylar, 7-nji aprelde taýwanlylar bilen duşuşarlar we 8-nji aprelde Türkiýäniň ýygyndysyna garşy oýun bilenem ýaryşy jemlärler.

Lýuksemburgdaky ýaryşyň diňe ýeňijisi 2023-nji ýylyň dünä çempionatynyň ikinji diwizionynyň «B» toparynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Şaýbaly hokkeý boýunça dünýä çempionaty toparyň görkezijisine görä birnäçe diwizionda geçirilýär.

Häzirki dünýä birinjiligi türkmen hokkeýiniň taryhynda ikinji ýaryşdyr. 2019-njy ýylda ildeşlerimiz Sofiýada (Bolgariýa) geçen dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşyp,Ýewropa, Aziýa we Afrika wekilçilik eden 6 toparyň arasynda 3-nji orny mynasyp boldular. Ýygyndyny şu üstünlige baş tälimçi Baýram Allaýarow ýetiripdi, onuň ýolbaşçygynda hokkeýçilerimiz 2017-nji ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň ikinji diwizionynda kiçi altyn medala mynasyp boldular, 2018-nji ýylda bolsa 4 ýygyndynyň gatnaşmagynda Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina) dünýä çempionatyna saýlama ýaryşda ýeňdiler.

 

“Samsung” “Volkswagen” modellerine 5G goldawyny hödürlär

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy