SPORT

Şwesiýaly türgenden täze dünýä rekordy

Şwesiýaly ýeňil atletikaçysy Arman Dýuplantis ýapyk binalarda geçirilýän ýaryşda syryk bilen belentlige bökmekde dünýä rekordyny täzeledi.

Fransiýanyň Klermon-Ferrane şäherindäki ýaryşda şwed türgeni üçünji synanyşygynda 6,22 metre böküp, rekordyny täzeledi.

Bu Dýuplantisiň 6-njy dünýä rekordydyr. Ol mundan ozal açyk meýdandaky ýaryşlarda 6,21 metr, ýapyk binalarda 6,22 metrlik rekordlary bilen tanalýar.

23 ýaşyndaky Dýuplantis Tokio-2020 Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň çempionydyr.

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy