SPORT

Messi “The Best” baýragyna mynasyp bolar

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentin ýyldyzy Lionel Messi ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “The Best” baýragyna mynasyp bolar.

Bu barada “Mundo Deportiwo” neşiriniň habarçysy mälim etdi. Bu baýragynyň ýeňijisiniň ady 27-nji fewralda Pariž şäherinde yglan ediler. Bu baýraga Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň fransuz ýyldyz Kilian Mbappe we Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň fransuz futbolçysy Karim Benzema hem dalaşgär görkezildi.

Mundan ozal habar berlişine görä, FIFA ähli dalaşgärleri bu baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

2021-nji ýylda bu baýraga Robert Lewandowski mynasyp bolupdy. Ol bu ugurda Lionel Messiden we Mohamed Salahdan öňe saýlanypdy.

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy